|
I. Şertnamanyň mazmuny we bahasy
|
bet | 14/21 | Sana | 24.03.2021 | Hajmi | 177,8 Kb. | | #13458 |
I. Şertnamanyň mazmuny we bahasy
Milli bellige alyjy, şu şertnama laýyklykda Peýdalanyjynyň “______________________” domen adyny bellige almak hyzmatyny amala aşyrýar.
Milli bellige alyjy, şu aşakdaky bellige almak hyzmatlaryny edýär:
domen adyny 1 (bir) ýyllyk möhlet bilen bellige almak;
domen ady, onuň administratory hakynda we gaýry maglumatlary degişli tertipde maglumatlar goruna (reýestre) girizmek;
domen ady, onuň administratory hakynda we gaýry maglumatlara üýtgetmeler girizmek;
maglumatlar gorunda (reýestrde) bellige alnan domen adynyň möhletini uzaltmak baradaky maglumatlary girizmek.
Peýdalanyjy, şu şertnamada kesgitlenen şertlere hem-de tertibe laýyklykda domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almak hyzmatlaryny kabul etmäge we Milli bellige alyjynyň ýerine ýetirýän hyzmatlary üçin 1 (bir) ýyllyk ______(_____) manat möçberde tölegleri geçirmäge borçlanýar.
|
| |