• I bap. Umumy düzgünler Şu «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet
  • ýokarky derejeli
  • Türkmenaragatnaşyk




    Download 178.07 Kb.
    bet1/21
    Sana22.07.2021
    Hajmi178.07 Kb.
    #15468
      1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   21


    “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda çykaran 63 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

    «.TM» ýokarky derejeli milli domende

    domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň

    TERTIBI
    I bap. Umumy düzgünler


    1. Şu «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibi (mundan beýläk – Tertip), “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 111-nji maddasyna, “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna hem-de “Aragatnaşyk hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibini, şeýle hem «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlarynyň bellige alynmagy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar.

    2. Şu Tertibiň kadalary, ikinji derejeli we üçünji derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlarynyň bellige alynmagy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup, domen atlarynyň kömegi bilen, maglumatlary saklamaklyk we (ýa-da) maglumatlary ýaýratmaklyk bilen bagly bolan gatnaşyklara degişli däldir.

    3. Şu Tertibiň maksatlary üçin aşakdaky adalgalar we düşünjeler ulanylýar:

    1) domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyşynyň möhletini uzaltmak ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek barada ýüztutma (şu Tertibe 1-nji goşundy, mundan beýläk-arza) – domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyşynyň möhletini uzaltmak ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek üçin gerekli maglumatlar goşulyp Peýdalanyjy tarapyndan ugradylan resmi hat we onuň goşundysy;

    2) domen atlary (domen) – domen atlarynyň ulgamynda (DNS) ulanylýan tor salgylanmasy üçin bellige alnan nyşan belgi;

    3) domen atlaryny peýdalanyjy (mundan beýläk - Peýdalanyjy) – domen atlaryny bellige almak bilen bagly bolan hyzmata isleg bildirip arza bilen ýüz tutan ýa-da ulanýan fiziki we ýuridik şahs;

    4) domeniň administratory – Peýdalanyjynyň adyna bellige alnan domeni dolandyrmak işini ýerine ýetirýän Peýdalanyjy tarapyndan bellenen jogapkär işgär;

    5) domen ady baradaky maglumatlary ýöretmek – domen adyna we onuň administratoryna degişli bolan maglumatlary maglumatlar goruna girizmek, üýtgetmek we aýyrmak boýunça Milli bellige alyjynyň hereketleri;

    6) domeni dolandyrmak – domeniň administratory tarapyndan şu Tertipde kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegi;





    Download 178.07 Kb.
      1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   21




    Download 178.07 Kb.