IV bap. Domen atlary barada maglumat we olaryň ulanylyşy




Download 178,07 Kb.
bet5/21
Sana22.07.2021
Hajmi178,07 Kb.
#15468
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   21
IV bap. Domen atlary barada maglumat we olaryň ulanylyşy


  1. Domen atlary barada maglumat (domen atlary barada maglumata beýleki maglumatlar bilen birlikde onuň administratory bilen bagly maglumatlar hem girýär), Peýdalanyjylar tarapyndan berilýän domen atlary barada maglumatlaryň kabul edilişi, işläp taýýarlanylyşy we maglumatlar gorunda saklanylyşy Şertnama esasynda, şu Tertibiň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen kesgitlenilýär.

  2. Domen atlary barada maglumatlar Milli bellige alyjy tarapyndan maglumatlar goruna girizilýär.

Milli bellige alyjynyň Peýdalanyjy tarapyndan berlen domen atlary barada maglumatlary şu Tertipde we Şertnamada göz öňünde tutulmadyk maksatlar üçin ulanmaga hukugy ýokdur.

  1. Milli bellige alyjy domen atlary barada maglumatlary şu aşakdaky maksatlar üçin Milli utgaşdyryja geçirmäge borçludyr:

  1. bellige alyş ulgamynyň durnukly işjeňligini üpjün etmek üçin;

  2. maglumatlar gorundaky maglumaty barlamak üçin.

  1. Maglumatlar gorundaky maglumatlar şu aşakdaky maksatlar üçin ulanylyp bilner:

  1. domen adynyň bellige alyş ýagdaýyny tassyklamak üçin;

  2. domen adynyň administratory bolup duran şahsy kesgitlemek üçin;

  3. internet ulgamynda salgylanmasyny üpjün etmek üçin;

  4. Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Tertip bilen kesgitlenilen tertipde domen atlary barada maglumatlary bermek üçin.

  1. Milli utgaşdyryjy maglumatlar gorundaky maglumatlary bikanun ulanylmagyndan goramak üçin hemme zerur we tehniki çäreleri görmäge borçludyr.

  2. Maglumatlar gorundaşu aşakdakylar saklanylýar:

1) tehniki maglumatlar, şol sanda bellige alyş ulgamynyň işjeňligi üçin zerur bolan maglumatlar;

2) domeniň administratoryny barabarlamak üçin niýetlenilen maglumatlar;

3) domeniň administratory bilen habarlaşmak üçin aragatnaşyk maglumatlar.


  1. Maglumatlar gorunda domeniň administratorlaryny barabarlamak üçin niýetlenilen şu maglumatlar saklanylýar:

1) ýuridik şahslary üçin:

a) ýuridik şahsyň doly atlandyrylyşy;

b) latyn elepbiýi we ASCII-7 kodunyň beýleki belgileri bilen atlandyrylan domeniň administratorynyň ady (eger mümkinçilik bar bolanda);

ç) hukuk salgysy;

d) salgyt töleýjiniň hususy salgyt belgisi;

2) fiziki şahslar üçin:

a) ady, familiýasy we atasynyň ady;

b) doglan senesi;

ç) ýaşaýan ýeri;

d) şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy.



  1. Domeniň administratory bilen habarlaşmak üçin maglumatlar gorunda şu maglumatlar saklanylýar:

1) poçta salgysy;

2) telefon belgisi;

3) telefakslaryň belgileri;

4) elektron poçtasy;

5) gaýry elektron poçta.


  1. WHOIS ulgamynda (hyzmaty) domen atlary barada şu aşakdaky maglumatlary saklanylýar:

1) DNS serweri barada maglumat;

2) delegirlenen domen ady barada maglumat;

3) latyn elepbiýi we ASCII-7 kodunyň beýleki belgileri bilen atlandyrylan domeniň administratorynyň ady;

4) domen administratorynyň elektron poçta salgysy;

5) domen adynyň bellige alnan senesi;

6) bellige alnan domen adynyň möhletiniň tamamlanýan wagty;

7) bellige alyjy barada maglumat.


  1. Peýdalanyjy, administratiw we tehniki jogapkärler özleri barada maglumatlary, ýagny olaryň adyny, familiýasyny we aragatnaşyk maglumatlaryny hem-de domen adyny bellige almak bilen bagly beýleki maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmeklige we “WHOIS” hyzmatynda aýan etmeklige razylyk berýär. Bu maglumatlar (belli bir şahsa degişli bolsa) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, “şahsy maglumat” bolup durýar.

Şeýle hem, Peýdalanyjy tarapyndan administratiw we tehniki jogapkär hökmünde bellenilen adamyň öz maglumatlarynyň maglumatlar goruna (reýestre) girizmekligine razylygy ony bellän Peýdalanyjy tarapyndan alynýar. Maglumatlar goruna (reýestre) girizilmäge degişli maglumatlar hem-de Peýdalanyjy tarapyndan alnan bu maglumatlaryň maglumatlar goruna (reýestre) girizilmegine we “WHOIS” hyzmatynda aýan edilmegine Peýdalanyjy tarapyndan Milli bellige alyja razylyk berilýär.Bu barada Şertnamada görkezilip bilner, Şertnamanyň baglaşylmagy, agzalan razylygyň berlendigini ykrar edýär.

Peýdalanyjy, administratiw ýa-da tehniki jogapkärler maglumatlar goruna (reýestre) girizilýän käbir şahsy maglumatlarynyň, ýagny adynyň, familiýasynyň aýan edilmegini gizlemek üçin “WHOIS” hyzmatlarynyň üsti bilen gizlemek (konfidensiallyk) hyzmatyny saýlap alan halatynda, onuň ady, familiýasy gizlinleşdirilip bilner.

Domen atlary barada maglumatlary goramak “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryndaky maglumatlary goramak bilen bagly talaplaryny ýerine ýetirmek arkaly amala aşyrylýar.


  1. Ikinji derejeli domen atlarynyň hemmesiniň üçünji derejeli domen atlary hökmünde ulanylmagy gadagandyr. Mysal üçin “edu.edu.tm” belgilenen görnüşli belgilemek gadagan edilýär.

  2. Ýokary derejeli domen atlarynyň üçünji derejeli domen atlary hökmünde ulanylmagy gadagan. Mysal üçin “com.gov.tm” we “net.com.tm”.

  3. Maglumatlar gorunda, maglumatlaryň dogry saklanylmagyna Milli utgaşdyryjy tarapyndan gözegçilik edilmelidir.

  4. Domen atlary şu aşakdaky ýagdaýlarda çäklendirilip bilner:

1) domen atlaryny ulanmak ýa-da bellige almak bilen bagly kazyýet önümçiligi alnyp barylýan mahaly;

2) ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyýetler (kazylar) tarapyndan bellenilen tertipde çykarylan çözgüt esasynda domen atlary ulanmakda ýa-da bellige almakda käbir hereketlere çäklendirme girizilende;

3) domen administratorynyň şu Tertibiň talaplaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda.

Bu agzalan ýagdaýlarda, Milli bellige alyjy maglumatlar goruna domen atlary bilen bagly bolan hereketlere çäklendirmeleri girizmek we/ýa-da çäklendirmeleri aýyrmak barada zerur maglumatlary girizýär.

Milli bellige alyjy we Milli utgaşdyryjy Peýdalanyjynyň öňünde domen atlary bilen bagly bolan hereketlere çäklendirmeleriň girizilendigi üçin jogapkärçilik çekmeýär.


  1. Domen atlary kazyýetiň bellige alnan domen adyny ýatyrmak barada çykaran çözgüdi esasynda ýatyrylyp bilner.



Download 178,07 Kb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   21




Download 178,07 Kb.

Bosh sahifa
Aloqalar

    Bosh sahifa



IV bap. Domen atlary barada maglumat we olaryň ulanylyşy

Download 178,07 Kb.