V bap. Hukuklar, borçlar we jogapkärçilikler




Download 178.07 Kb.
bet6/21
Sana22.07.2021
Hajmi178.07 Kb.
#15468
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   21
V bap. Hukuklar, borçlar we jogapkärçilikler


  1. Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory şu aşakdylara hukuklydyr:

1) domen atlaryny özbaşdak saýlamaga;

2) ýüz tutma esasynda, maglumatlar gorunda saklanylýan özüne degişli domen ady barada hemme maglumaty almaga;

3) Şertnamany ýatyrmaga. Milli bellige alyjy bilen ylalaşyp Şertnama üýtgetme, goşmaça girizmäge;

4) boşan domen atlary we olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlary soramaga;

5) bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän web saýtynda öz eýeçiligine degişli maglumatlary, ýerine ýetirýän işleri, hyzmatlary, garamagyndaky eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar baradaky maglumatlary hem-de okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlarynyň habarlaryny ýerleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga, täze maglumatlar çykan ýagdaýynda ony täzeläp durmaga.


  1. Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory şu aşakdylara borçludyr:

1) Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary üçin töleglerini öz wagtynda tölemäge;

2) saýlanan domen ady boýunça ýüze çykan düzgün bozulmalar üçin;

3) maglumatlar goruna (reýestre) girizilen, Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory tarapyndan berlen maglumatlaryň dogrulygyny anyklamak üçin talap edilýän resminamalary we şunuň bilen bagly beýleki maglumatlary, maglumatlaryň talap edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda Milli bellige alyja bermäge;

4) maglumatlar gorunda (reýestrde) saklanylýan maglumatlaryň üýtgän halatynda, haýal etmän 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda Milli bellige alyja habar bermäge;

5) domen adynyň administratoryny we tehniki jogapkäri bellemäge, şeýle-hem ol jogapkärler barada gerekli maglumatlary Milli bellige alyja bermäge;

6) domen adyny bellige almaga arzasyny bermezden öň şu Tertip bilen tanyşmaga;

7) bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän web saýtynda öz eýeçiligine degişli maglumatlary, ýerine ýetirýän işleri, hyzmatlary, garamagyndaky eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar baradaky maglumatlary ýerleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga, täze maglumatlar çykan ýagdaýynda ony täzeläp durmaga.

Domeniň administratory, bellige alnan domeni dolandyrmak işini ýerine ýetirýär, öz hereketsizliginden ýa-da nädogry hereketlerinden gelip çykýan ähli töwekgellikler (maddy we maddy däl ýitgiler, çykdaýjylar) we ähli hukuk bozulmalary üçin hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Tertibe garşy gelýän hereketleri boýunça Peýdalanyjynyň we Milli bellige alyjynyň önüňde jogapkärçilik çekýär.

Şeýle hem, bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän internet-resurslarynda urşy, milletçiligi, teniniň reňki boýunça, jynsy ýa-da dini ýigrenji, agzalalygy we duşmançylygy wagyz etmeklige gönükdirilen maglumatlar bar bolsa Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.


  1. Milli bellige alyjy şu aşakdylara hukuklydyr:

1) Peýdalanyjydan domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlarynyň tölegini öz wagtynda tölenilmegini talap etmäge;

2) Milli utgaşdyryjy tarapyndan ýa-da internet tory ugry boýunça ygtyýarly edara hökmünde görkezilen edaralardan, domen atlary bilen salgylanýan maglumat ulgamyny aşakdaky maksatlar üçin ulanylýandygyny tassyklaýan (delillendirilen) ýüzlenme esasynda, domen atlarynyň delegirlenmesinden ýüz döndermäge we (ýa-da) bellige alnan domen atlaryny togtatmaga:

a) domen atlarynyň meňzeşligi üçin, domen atlarynyň nädogry resmileşdirilişi üçin ýa-da domen atlary fişingiň netijesinde üçünji şahslary ýalňyş pikir eder ýaly edip, olaryň gizlin maglumatlaryny almak üçin niýetlenen bolsa;

b) domen atlary şol adyň üsti bilen girilýän internet-resurslaryndaky üçünji şahslaryň maglumat ulgamlaryna rugsatsyz girmek üçin ýa-da bu ulgamlary wirus geçirmek üçin ýa-da şeýle programmalary dolandyrmak üçin niýetlenen bolsa;

ç) belli bir ýaş derejelerindäki çagalaryň arasynda ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda çäklendirilen maglumatlary özünde saklaýan bolsa;

d) Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de şu Tertibe garşy gelýän ýagdaýlar ýa-da hereketler ýüze çykarylan bolsa;

e) domen atlary fişingiň netijesinde üçünji şahslary ýalňyş pikir eder ýaly edip, olaryň gizlin maglumatlaryny almak üçin, zyýanly programmalary ýaýratmak maksady bilen ulanylýan bolsa;

ä) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda;

3) şu bölekde göz öňünde tutulan ýüze çykarylan ýagdaýlar 1 (bir) aý möhletiň dowamynda düzedilmedik halatynda togtadylan domen atlaryny ýatyrmaga;

4) “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, üçünji şahslaryňý azmaça ýüz tutmasy boýunça, domeniň administratorynyň ady we onuň ýerleşýän (ýaşaýan) ýeri barada doly maglumat bermäge;

5) domen adyna we domen adynyň administratoryna degişli bolan Peýdalanyjy tarapyndan berilýän maglumatlaryň ýa-da maglumatlar gorunda saklanylýan maglumatlaryň dogrudygyny, şol sanda Peýdalanyjydan tassyklaýjy we (ýa-da) anyklaýjy maglumat almak bilen, barlamaga;

6) şu Tertibiň kyrk bäşinji böleginiň ýedinji tesiminde görkezilen ýagdaýlary anyklamagyň başga ýoly bolmasa, bellige alyş möhletiniň dowamynda bellige almak üçin saýlanyp alnan domen atlarynyň saýlama barlagyny islendik wagtda geçirmäge;

7) saýlama barlagyň dowamynda Peýdalanyjy tarapyndan domen adynda jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine, ynsanperwer we ahlak esaslaryna (şol sanda paýyşmanyly, adamzadyň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen häsiýetli, adamyň hormatyny we mertebesini, dine bolan garaýyşlaryny kemsidiji we ş.m.) garşy gelýän sözler ýüze çykarlan halatynda, domen adyny bellige almakdan ýüz döndermäge ýa-da bellige alnan domen adyny ýatyrmaga. Bu ýagdaýda Milli bellige alyjy domen adyny bellige almakdan ýüz dönderip ýa-da bellige alnan domen adynyň bellige alnyşyny ýatyryp, bu domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrlandygy barada Milli utgaşdyryja habar berýär;

8) Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň nyrhnamasyny, şertlerini we tölegiň möhletini üýtgetmäge;

9) Peýdalanyja domen atlary bellige almak hyzmaty boýunça berlen hasap-fakturalar öz wagtynda tölenmedik halatynda ýa-da sebäpsiz töleg geçirmekden ýüz öwürse, akseptsiz tertipde töleg talapnamalary inkasso goýmak bilen Peýdalanyjynyň hasaplaşyk hasabyndan pul serişdeleri almaga hem-de baglaşylan şertnamany ýatyrmaga.


  1. Milli bellige alyjy şu aşakdylara borçludyr:

1) Peýdalanyjynyň ýüztutmasy esasynda, maglumatlar gorunda (reýestrde) saklanylýan Peýdalanyja degişli domen ady barada hemme maglumaty bermäge;

2) Peýdalanyjy tarapyndan berlen maglumatlar gorundaky (reýestrdäki) maglumatlary üýtgetmek barada arza we onuň ýanyna goşulan resminamalar gelip gowşan pursatyndan başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda maglumatlary üýtgetmäge;

3) Peýdalanyjynyň başlangyjy boýunça Şertnama ýatyrylan ýagdaýynda, onda domen ady baradaky maglumatlary ýöretmeklik üçin maglumatlar goruna girizilen bellige alnyşy ýatyrlan domen atlarynyň maglumatyny maglumatlar gorundan (reýestrden) aýyrmaga;

4) boşan domen atlary we olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlar soralan ýagdaýynda, Peýdalanyjynyň dykgatyna ýetirmäge;

5) Türkmenistanyň GOV.TM, EDU.TM, COM.TM, NET.TM, MIL.TM, CO.TM we beýleki ikinji derejeli milli domenlerinde domen atlaryny bellige almak we hostingiň internet-hyzmatlaryny amala aşyrmaga.


  1. Milli utgaşdyryjy şu aşakdylara borçludyr:

1) domen atlary bellige almak üçin ulanylýan programma-tehniki serişdelerine wagtynda hyzmat etmäge, olaryň üznüksiz işlemegi üçin şol enjamlarda näsazlyk çykyp işlemedik ýagdaýynda, maglumatlary we hyzmatlary ýerine ýetirýän programmalary ätiýaçlandyrylan, işletmäge taýýar görnüşde bolmagyny üpjün etmäge;

2) domen atlary bellige almaklyk üçin ulanylýan programma-tehniki serişdeleriniň, maglumat gorunda ýerleşdirilýän maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

3) domen atlary bellige almaklyk üçin ulanylýan programma-tehniki serişdeleriniň gurnalan ýerlerine girilende we çykylanda anyklaýyş (identifikasiýa) ýa-da tanadyş (autentifikasiýa) ulgamy bilen üpjün etmäge;

4) öz gözegçilik çäginiň daşynda internet ulgamynyň tehniki aýratynlyklary bilen bagly bolup biljek DNS serweriň işleýşiniň bozulmalaryna jogapkärçilik çekmeýär.




Download 178.07 Kb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   21




Download 178.07 Kb.

Bosh sahifa
Aloqalar

    Bosh sahifa



V bap. Hukuklar, borçlar we jogapkärçilikler

Download 178.07 Kb.