II bap. Domen atlaryny bellige almak
Domen atlaryny bellige almaklyk Peýdalanyjynyň domen atlaryndaky (domendäki) internet resurslarynda atlandyrylan belgiler arkaly girmeklik maksady bilen amala aşyrylýar.
Domen atlaryny bellige almak üçin bildirilýän talaplar:
1) domen ady şahsy adyndan, ikinji derejeli milli domeniň we ýokarky birinji derejeli milli domeniň adyndan ybarat bolmalydyr;
2) domen atlaryndaky şahsy ady şu aşakdaky tehniki talaplara laýyk gelmelidir:
iki belgiden az bolmaly däldir;
63 belgiden köp bolmaly däldir;
ç) harp ýa-da san bilen başlanyp, tamamlanmalydyr;
harplardan, sanlardan we kese çyzykdan üýtgeşik belgileri öz içine almaly däldir (latyn elipbiýiniň harplaryny ulanmak rugsat edilýär uly we kiçi harplar tapawutlandyrylmaýar);
e) bir wagtda 3-nji we 4-nji belgileriň arasynda kese çyzyklar goýulmaly däldir;
ä) halkymyzyň milli däplerine garşy gelýän ýa-da ekstremizmi, terrorçylygy wagyz edýän sözleriň goýulmagyna ýol berilmeli däldir;
3) Milli bellige alyjy tarapyndan domen ady bellige alynmazyndan öň, ozalky bellige alynan domen atlarynyň içinde bar bolan şahslaryň atlaryna deň gelmeýänligi barlanylmalydyr;
4) Peýdalanyjynyň öz domen atlarynda jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine, ynsanperwer we ahlak esaslaryna (şol sanda paýyş manyly, adamzadyň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen häsiýetli, adamlaryň abraýyny we dine bolan garaýşyna bagly duýgularynyň we ş.m. sözleri) garşy gelýän sözleri ulanmaga hukugy ýokdur.
«.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlarynyň paýlanylyşy şu aşakdakylar üçin niýetlenilendir:
"GOV.TM" – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň domen atlaryny bellige almaga;
"EDU.TM" – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan Türkmenistanyň çäginde ýerleşen ähli bilim edaralarynyň domen atlaryny bellige almaga;
"COM.TM" – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, telekeçilik işi amala aşyrýan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän fiziki we ýuridik şahslarynyň domen atlaryny bellige almaga;
“NET.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Internet hyzmatlaryny üpjün edijiler we beýleki IT kompaniýalary ýaly tor tehnologiýalary bilen meşgullanýan guramalarynyň domen atlaryny bellige almaga;
“MIL.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň domen atlaryny bellige almaga;
“CO.TM” - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlete degişli bolmadyk, täjirçilik däl hem-de şu bölegiň 1-5-nji bentlerinde göz öňünde tutulmadyk şahslaryň domen atlaryny bellige almaga.
Domen adyny bellige almak Peýdalanyjynyň arzasy esasynda, Milli bellige alyjy bilen Şertnama baglaşylyp, domen ady barada degişli maglumatlar maglumatlar goruna (reýestre) girizilenden soňra bellige alnan diýlip hasaplanylýar.
Peýdalanyjynyň domen adyny bellige almak, onuň möhletini uzaltmak ýa-da domen ady bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek baradaky arzasyna seretmek, arzanyň Milli bellige alyja gelip gowşan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
Milli bellige alyjy tarapyndan domen adynyň bellige alynmagy Şertnama baglaşylan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
Şol bir domen adyna bir wagtyň özünde birnäçe arzalar bolan halatynda, Şertnamany ilkinji baglaşan Peýdalanyjynyň arzasy kanagatlandyrylýar.
Domeni dolandyrmak hukugy domen ady bellige alnan pursatyndan başlap bellige alyş möhletiniň hereket edýän döwründe hereket edýär.
Milli bellige alyjy domen adyny bellige almakdan şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüz dönderip biler:
1) bellige alynmagy haýyş edilýän domen ady maglumatlar gorunda öň bar bolsa;
2) domen ady şu Tertibiň on birinji böleginiň 1-2-nji bentlerinde bellenen tehniki talaplara laýyk gelmese, şeýle hem şu Tertibiň on birinji böleginiň 3-4-nji bentlerinde beýan edilen ýagdaýlar ýüze çykarylsa;
3) Peýdalanyjy tarapyndan şu Tertibiň otuz bäşinji we otuz altynjy böleklerinde hem-de Şertnamada bellenilen domeniň administratory baradaky maglumatlar berilmedik bolsa;
4) Peýdalanyjy Milli bellige alyja, domen adyny bellige almak üçin talap edilýän resminamalary we maglumatlary bermedik bolsa.
Peýdalanyjy tarapyndan saýlanan domen ady boýunça şu Tertipde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplardan başga ýagdaýlarda, saýlanan domen adyny bellige almakdan ýüz döndermäge Milli bellige alyjynyň hukugy ýokdur.
Milli bellige alyjy tarapyndan domen adyny bellige almakdan ýüz dönderilen ýagdaýynda Peýdalanyja ýüz döndermeginiň sebäplerini esaslandyryp habar bermäge borçlydyr.
Käbir sebäplere görä domen ady bellige alynmadyk bolsa, Peýdalanyjy tarapyndan domen adynyň bellige alynmagy barada arza berlendigi hakynda maglumaty we bellige almak üçin berlen maglumatlary ýaýratmaga Milli bellige alyjynyň hukugy ýokdur.
Milli bellige alyjy boşan domen atlary, olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlar soralan ýagdaýynda, Peýdalanyjylaryň dykgatyna ýetirmelidir.
Milli bellige alyjy boşaýan domen atlaryny bellige almaklyk hyzmatyny sargap biljek Peýdalanyjylaryň sanyny çäklendirmeli däldir, käbir Peýdalanyjylara ýa-da käbir Peýdalanyjylar toparyna edilýän hyzmatlar barada maglumatlary almakda artykmaçlyklar döretmeli däldir.
Milli bellige alyjynyň domen adyna we domeniň administratoryna degişli bolan Peýdalanyjy tarapyndan berilýän maglumatlaryň ýa-da maglumatlar gorunda saklanylýan maglumatlaryň dogrudygyny, şol sanda Peýdalanyjydan tassyklaýjy we (ýa-da) anyklaýjy maglumat almak bilen, barlamaga hukugy bardyr. Nädogry, nätakyk maglumatlaryň ýüze çykarylan halatynda, Peýdalanyjy bu barada elektron poçtasynyň üsti bilen duýdurylýar.
|