Hünärmeniň wezipesi
Hünärmen Türkmenistanyň energetika pudagynyň kärhanalarynda önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryjy we ylmy-barlag işlerini hem-de tehnologiki prosesleri optimal režimlerde geçirmek üçin ulanylýan elektron enjamlaryň ygtybarly işlemegini gazanmak arkaly önümiň hilini ýokarlandyrmak we onuň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça guramaçylyk çärelerini ýokary okuw mekdebinde alan hünärine laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen elektrik stansiýalarda, podstansiýalarda we beýleki senagat kärhanalarynda hem-de ylmy-barlag edaralarynda ýokary bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
|