Hünärmene bildirilýän umumy talaplar
Hünärmen ýokary derejeli hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli hem-de üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy
esasda guramagy başarmalydyr.
Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
|