|
Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir
|
bet | 4/5 | Sana | 08.05.2021 | Hajmi | 49 Kb. | | #14410 |
Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:
Sanly ykdysadyýetiň usullaryny peýdalanyp, önümçiligi dolandyrmaklygy;
häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, energiýany tygşytlamagy;
hünäri boýunça daşary ýurt dillerindäki edebiýatlary we tehniki resminamalary peýdalanmagy;
önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
umumy tehniki dersleri, şol sanda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny, metrologiýany we standartlaşdyrmagy, elektrotehnikanyň nazary esaslaryny, elektron tehnikasynyň fiziki esaslaryny, awtomatiki dolandyrlyşyň nazary esaslaryny, energiýany tygşytlamagyň esaslaryny, elektrik maşynlaryny we beýleki dersleri;
önümçiligiň tehniki desgalarynda we enjamlarynda ulanylýan elektron abzallaryň nazaryýet esaslaryny hem-de tejribelik ukyplaryny kesgitleýän ýörite dersleri: ýarymgeçirijili elektronikany, elektroradioölçegi, wakuum we plazmaly elektronikany, elektron zynjyrlary, mikroelektronikany we mikroshemotehnikany, kwant we optika elektronikasyny, mikroprosessorly dolandyryş ulgamlaryny, özgerdiji tehnikanyň esaslaryny, pudagyň ykdysadyýetini, önümçiligi gurnamagy we dolandyrmagy we beýleki dersleri;
pudagyň we kärhananyň ykdysadyýetini, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň meýilnamasyny işläp düzmegi, önümçiligi gurnamagyň we dolandyrmagyň esaslaryny, zähmeti we daşky gurşawy goramagyň meselelerini, pudagyň hukuk esaslaryny hem-de zähmeti ylmy esasda guramagy.
|
| |