IV. Taraplaryň jogapkärçiligi




Download 178.07 Kb.
bet17/21
Sana22.07.2021
Hajmi178.07 Kb.
#15468
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   21
IV. Taraplaryň jogapkärçiligi


  1. Milli bellige alyjy şu şertnama boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilik çekýär.

  2. Milli bellige alyjy şu aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekmeýär:

1) Peýdalanyjynyň öňünde domen atlary bilen bagly bolan hereketlere çäklendirmeleriň girizilendigi üçin;

2) Peýdalanyjynyň adyna bellige alnan domen adynda ýerleşdirilen maglumatlaryň mazmunyna.



  1. Peýdalanyjy şu aşakdakylara jogapkärçilik çekýär:

  1. şu şertnama boýunça borçlaryň we Türkmenistanyň kanunçylygynda domen atlary bilen bagly bellenilen talaplaryň ýerine ýetirilmegine;

  2. bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän internet-resurslarynda urşy, milletçiligi, teniniň reňki boýunça, jynsy ýa-da dini ýigrenji, agzalalygy we duşmançylygy wagyz etmeklige gönükdirilen maglumatlar bar bolsa;

  3. Peýdalanyjy tarapyndan domen adyny dolandyrmak üçin berkidilen Administratoryň hereketsizliginden ýa-da nädogry hereketlerinden gelip çykýan ähli töwekgelçilikler (maddy we maddy däl ýitgiler, çykdaýjylar) we bozulmalar üçin;

  4. saýlanan domen ady boýunça ýüze çykan düzgün bozulmalar üçin.

  1. Peýdalanyjy, administratiw we tehniki jogapkärler özleri barada maglumatlary, ýagny olaryň adyny, familiýasyny we aragatnaşyk maglumatlaryny hem-de domen adyny bellige almak bilen bagly beýleki maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmeklige we “WHOIS” hyzmatynda aýan etmeklige razylyk berýär. Bu maglumatlar (belli bir şahsa degişli bolsa) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, “şahsy maglumat” bolup durýar.

  2. Peýdalanyjy tarapyndan administratiw we tehniki jogapkär hökmünde bellenilen adamyň öz maglumatlarynyň maglumatlar goruna (reýestre) girizmekligine razylygy ony bellän Peýdalanyjy tarapyndan alynýar. Maglumatlar goruna (reýestre) girizilmäge degişli maglumatlar hem-de Peýdalanyjy tarapyndan alnan bu maglumatlaryň maglumatlar goruna (reýestre) girizilmegine we “WHOIS” hyzmatynda aýan edilmegine Peýdalanyjy tarapyndan Milli bellige alyja razylyk berilýär. Şu şertnamanyň baglaşylmagy, Peýdalanyjy tarapyndan Milli bellige alyja agzalan razylygyň berlendigini ykrar edýär.

  3. Peýdalanyjy, administratiw ýa-da tehniki jogapkärler maglumatlar goruna (reýestre) girizilýän käbir şahsy maglumatlarynyň, ýagny adynyň, familiýasynyň aýan edilmegini gizlemek üçin “WHOIS” hyzmatlarynyň üsti bilen gizlemek (konfidensiallyk) hyzmatyny saýlap alan halatynda, onuň ady, familiýasy gizlinleşdirilip bilner.




Download 178.07 Kb.
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   21




Download 178.07 Kb.

Bosh sahifa
Aloqalar

    Bosh sahifa



IV. Taraplaryň jogapkärçiligi

Download 178.07 Kb.