|
ÝYRTYJY HAÝWANLAR GÖRNIŞI
|
bet | 4/6 | Sana | 13.06.2024 | Hajmi | 477,5 Kb. | | #263467 |
Bog'liq Bagul TOMdan kurs işi ÝYRTYJY HAÝWANLAR GÖRNIŞI
Geçigaplaň – pişikler maşgalasyna degişli. Ol arçaly, kerkawly, alçaly, alyçly, badamly we beýleki agaçly hem-de gyrymsy ösümlikli jülgelerde we daglaryň eňňitlerinde ýaşaýar. Geçigaplaň orta ululykdaky pişik bolup, bedeniniň uzynlygy 80 –107 sm-e ýetýär. Aýaklary
ýasy penjeli we uzyndyr. Guýrugy edil çapylan ýaly gysga (10– 25 sm). Uzyn hem- de ýasy gulaklarynyň uç larynda çog dam gyllary bol ýar. Kellesiniň gapdalla ryn dan sakgalsapylary aýdyň sallanyp durýar. Arkasy bilen aýaklarynyň sütüginiň reňki açyk çalymtyl ýa-da agymtyl goňur düz reňkli, teg millidir.
Geçigaplaň ýekebara ýaşaýar. Ol bellibir ýerde köp saklan ýar, iňrik garalanda gijelerine awa çykýar. Käte gündizine hem aw edýär.
Geçigaplaň gyşyna uly daşlaryň üýşmeginde ýa-da gowaklarda wagtlaýyn hin edinýär. Tomsuna injir, kerkaw ýaly agaçlaryň gür ýerlerinde gizlenýär. Ene geçigaplaň maý aýlary (3–4 sany) çagalaýar. Ol edil pişik ýaly agaja we dag gaýalaryna aňsatlyk bilen dyrmaşyp bilýär.
Geçigaplaň towşan, syçan, käkilik, dag tekesi, ma ral ýaly haýwanlar bilen iýmit lenýär. Onuň (kawkaz aşaky görnüşiniň) ýaýran ýeri Köpetdagyň günbatar we merkezi bölekleri hasaplanýar. Ol barada soňky 50 ýyllykda anyk maglumat ýok.
Alajagaplaň (леопард (барс) – Panthera pardus) – pişiklermaş galasyna degişli. Ol dagyň çuň derelerinde, seýrek arçalyklarda we pes daglyk larda (Köpetdagyň günorta-günbatary), Bathyzda Ýeroýulanduz çöketliginiň çüňklerinde, Gyzyljarda we pisseliklerde ýaşaýar.
Alajagaplaň güýçli we göw resi uly ýyrtyjy haýwanlaryň biridir. Bedeniniň uzynlygy 130– 180 sm, agramy 70 kilograma ýetýär. Aýaklary uzyn, göwresi
süýnmek, çeýe we örän gelşiklidir.
2nji surat. Alajagaplaň
Guýrugynyň uzynlygy 120 sm-e ýetýär. Öň aýaklary ýognas, güýçli we ýaýbaň penjelidir. Derisindäki sütükleri gytyk hem-de keltedir. Sütükleriniň reňki gara ýa- da goňurrak bolup, käýerinde agymtyl çal halka meňzeş tegmilleri bar.
Alajagaplaň ýekelikde, bellibir ýerde ýaşamaga uýgunlaşandyr. Jübütleşmek we çagalamak bütin ýylyň dowamynda bolup geçýär. Ene gaplaň 1–2 sany çaga dogurýar. Çagalary 12–15 aýlap enesiniň ýanynda bolup, soňra özbaşdak ýaşaýarlar. Alajagaplaňyň esasy iýmitleri ýabany toýnakly haýwanlar hem-de oklukirpi- lerdir. Alymlaryň barlag işle riniň netijesine görä, ala jagaplaň 1990njy ýyllara çenli Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda we Etrekde gabat gelipdir. 90-njy ýyllaryň ortalaryna çenli onuň ýaýrawy kemelipdir we häzirki wagtda ol diňe Bathyzda we Köpetdagda duşýar. Alajagaplaň dünýäniň haýwanat
baglarynyň köpüsinde saklanylýar we köpeldilýär.
Syrtlan – (полосатая гиена – Hyaena hyaena) syrtlanlar maş galasyna degişli. Ol deňiz derejesinden 300–400 m belentlikdäki (kähalatda 700– 1000 m-e çenli) çölleşen baýyrlarda we daglaryň arasyndaky düzlük sähralarda, selçeň gyrymsy ösümlikli, beýikli-pesli derelerde, derýalaryň jülgelerinde ýaşaýar. Daşky keşbi boýunça ol ulurak itlere meňzeşdir.
Bedeniniň uzynlygy 95–105 sm, guýrugynyňky 27–34 sm, agramy 27–54 kilogram. Bedeniniň öňki böleginiň ardyndan has ýognaslygy we beýikligi sebäpli, syrtlan hamana çommalyp gezýän ýaly görünýär. Onuň kellesi uly, maňlaýy ýasy, boýny uzyn hem-de güýçlüdir. Uly, dik ýerleşen gulaklary bolýar.
Derisiniň tüý örtügi irimçik, gerşindäkileri bolsa, syh-syh bolup durandyr. Sütüginiň reňki garamtyl goňur bolup, gapdal laryndan garamtyl kese zolaklar geçýär. Guýrugy gysga we aşaklygyna sallanyp durandyr.
Syrtlan maşgala bolup ýaşaýan ýyrtyjy haýwandyr. Maşgalada 1–2-den 3–5-e çenli ululary, 1–3den 2-ä çenli kiçi ýaşdakylary bolýar. Ol gündizine hinlerde, gowaklarda gizlenip, iňrik garalanda we gi je awa çykýar. Käte gizlenmek üçin oklukirpiniň hinini hem peýdalanýar. Her bir ene syrtlan 1-den 3-e çenli çagalaýar. Çagalaýan hinleri suw içmäge barýan ýerinden 1,5–2 km uzak lykda ýerleşýär. Çagalaryny idetmäge ene hem-de ata syrtlan gatnaşýar.
Syrtlan öý we ýabany haýwanlaryň maslyklary bilen iýmitlenýär. Ýöne bakja ekinlerini iýýänine hem gabat gelmek bolýar. Ýitip barýan we ýaşaýan ýaýrawy çalt daralýan görnüş bolany sebäpli, syrtlan Özbegistanyň Gyzyl kita byna girizildi.
Tilki (лисица – Vulpes vulpes) – itler maşgalasyna degişli. Ol dürli ekologik şertlerde ýaşamaga uýgunlaşyp, dagda, onuň eteklerinde, deňziň gyrasynda, çölde, derýa ýakalarynda we beýleki ýerlerde gabat gelýär (73-nji surat). Tilkileri elmydama hilegär hasaplaýarlar. Ýöne olar elmydama däl-de, öz üstüne howp abananda ýa-da iýmit tapmaly bolanda hilegärlik edýärler. Tilkiler adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý ýaşap, kimden gorkmaly, kimden bolsa gorkmaly däldigini gowy öwrenipdirler. Adaty tilki gelşikli, göwresiniň ölçegi boýunça orta
ululykdaky haýwan bolup, itlere meňzeşdir. Göwresi uzynak, aýaklary gysgarak bolýar. Agzy uzynakdan ýitidir. Gulak larynyň ölçegi uly, ujy ýiti, esasy bolsa giňelendir. Bedenini örtüp duran sütükleri gyşda tutuk sary ýa-da çalymtyl reňkli bolýar. Kellesi sary çäge reňk li, agzynyň tüýleri akdyr. Agzyndan başlap alkymynyň aşak ýany, garnynyň aşagy hem-de guýrugynyň ujundaky tüýleri agymtyl ýa-da çal reňklidir. Aýaklary çal, gatybir bildirmeýän garamtyl reňkli bolýar. Guýruklary uzyn, sümek şekillidir. Gowy ys alyp bilýänligi hem-de eşitgirligi, ony köp howplardan halas edýär we iýmit tap maga kömek edýär. Olar özlerine hin gazynyp duşmanlaryndan goranýarlar. Ýazyň başynda ene şagallar şol hinlerde çagalaýarlar (olaryň sany 1–8) we olary terbiýeleýärler. Bulary iýmitlendirmäge ene hem-de ata tilki gatnaşýar. Çagajyklary 4–6 aýlyk bolanlarynda hinlerini taşlap gidýärler we özbaşdak ýaşaýşa başlaýarlar. Adaty tilki ähli iýmiti iýýän ýyrtyjydyr. Şol iýmitleriň arasynda mör-möjeklerden başlap, tä uly guşlara çenli dürli haýwanlar bardyr.
Şagal-möjekler maşgalasyna degişli. Ol derýalaryň, kölleriň, suw howdanlaryň ýakasynda, dag eteklerinde, jülgelerinde, suwarymly ýerlerde, berkleşen çägeli çöllüklerde ýaşaýar. Onuň köp gabat gel ýän ýeri ýylgyn, böwürslen we beýleki gyrymsy ösümlikleriň gür ösýän
ýerleri hem-de olaryň dürli otlar bilen emele getirýän toparlanmalarynyň arasydyr. Şagalyň daşky keşbi möjege meňzeşdir. Ýöne göwresiniň ölçeginiň kiçiligi,
aýak lary nyň hem-de guý ruk larynyň gysgalygy bilen ondan tapa wutlanýar. Möjegiňkä garanyňda şagalyň kellesi kiçiräk, agzy inçe, gysga we ýitidir. Derisiniň sütügi gataňsy we irimçikdir. Gyşda onuň reňki garamtyl, pos çal (aýratyn hem arkasynda) ýa-da açyk çal, pos çypar bolýar. Tumşugy we maňlaýy gyzylymtyl, pos- çypar reňkli. Gözüniň üstünden gara çyzmyk geçýär. Gulagynyň ujy, alkymy hem- de bokurdagy garamtylak reňklidir. Tomusky sütügi seýrek, gysga hem-de iri bolýar.
Şagal ýarym oturymly, gezegen haýwandyr. Iýmit gözleginde ol uzak aralyklary geçmäge ukyplydyr. Ol özüne hin gazynyp ýaşaýar. Hinini derýalaryň, suw howdanlaryň töwereginde, ojar, çerkez ýaly ösümlikleriň düýbünde gazýar. Gündizine hininde gizlenip, gije awa çyk ýar.
Şagal ýekelikde, jübüt hem-de maşgala bolup (3–5 sany) aw awlaýar. Ol ömrüniň ahyryna çenli jübüt bolup ýaşaýar. Köpekleri hin gazmaga hem-de çagalaryny terbiýelemäge gatnaşýarlar. Ene şagallar aprel–maý aýlary çagalaýarlar (2–8 sany). Şagal ähli iýmitleri iýmäge ukyply ýyrtyjydyr. Ol towşanlar, gemrijiler, guşlar, süýrenijiler, balyklar, haýwan maslyklary, mör-möjekler, möý şekilliler bilen iýmitlenýär.
Möjek – möjekler maşgalasyna degişli. Ol dürli howa we ýaşaýyş şertlerine tiz uýgunlaşyp ýaşap bilýän ýyrtyjy haýwandyr. Örän ir wagtlardan bäri dürli ýurtlarda olaryň tebigatdaky getirýän peýdasyny göz öňünde tutmazdan, zyýanly hasaplap ýok
edipdirler. Ýöne möjekleriň ýokary derejede ösen çydamlylygy, nerw sistemasynyň güýçli ösenligi, ugurtapyjylygy olara häzirki döwre çenli saklanyp galmaga mümkinçilik beripdir.
Möjegiň bedeniniň uzynlygy ortaça 105–165 sm, guýrugynyň uzynlygy bolsa 5–50 sm-e ýetýär. Agramy 35–50, has ululary käte 65 kilograma hem ýetýär. Möjek örän çalt we uzak aralygy ýadaman geçip bilýär. Olar tomusda jübüt bolup ýaşaýarlar. Möjekleriň çagalary kömege mätäç, gowşak bolup dogulýarlar. Şonuň üçin olara ene-atalary bilelikde seredýärler. Enesi süýt bilen ekleýän wagty çagajyklary hiç ýere gitmeýärler. Çagalaryna atalary iýmit getirýär.
Möjekleriň çagalary örän çalt ulalýarlar. Dört aýyň içinde öz agramlaryny 30 gezek köpeldýärler. Kiçijik möjekler ýaz aýlary ýüze çykýar. Olar eneatalarynyň kömegi bilen kem-kemden aw awlamagyň tärlerini öwrenýärler. Möjekler gije awa çykýarlar. Öz ýaşaýan ýerlerini özboluşly usul bilen (ys galdyryp) bellik edýärler. Olar süri bolup ýaşaýarlar. Her sürüde 6–10 sany möjek bolýar. Käbir gazaply gyşda bolsa birnäçe süri özara birleşýär. Süriň ýolbaşçysy bolýar we şoňa ähli möjekler boýun bolýarlar. Möjekler näsag haýwanlary iýip, tebigatda kesel ýaýramazlygyna we toýnakly haýwanlaryň sanyny sazlamaga kömek edýärler. Şonuň üçin olar peýdaly hasaplanýar. Ýöne öý haýwanlaryny awlap, maldarçylyga zyýan berýän ýerleri hem bar.
Möjeklerden ägä bolmagy başarmaly, ýöne olary ýok etmek bolmaýar.
|
| |