|
Microsoft Word haãšwanlar dãœNÚ×siniå⁄ sistematikasi
|
bet | 1/6 | Sana | 13.06.2024 | Hajmi | 477,5 Kb. | | #263467 |
Bog'liq Bagul TOMdan kurs işiBu sahifa navigatsiya:
- GIRIŞ
MAZMUNY:
GIRIŞ 2
Esasy bölüm
Haýwanlar dünýasiniň sistematikasy we döreýş taryhy 4
Özbegistanyň haýwanat dünýäsi 9
Ýyrtyjy haýwanlar görnişi 12
Othor haýwanlar görünişi we olar hakynda maglumat 18
NETIJE. 23
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR SANAWY 25
GIRIŞ
Temanyň çylşyrymlylygy. Bular orta mekdeplerde tebigaty öwreniş hem-de biologiýa derslerinden sapakda we sapakdan daşary çärelerde okuwçylara ýurdumyzyň haýwanat dünýäsi baradaky bilimini çuňlaşdyrmaga, haýwanlara söýgi duýgusyny oýarmaga we ýokarlandyrmaga, mugallymlara bolsa, okuwterbiýeçilik işlerini häzirki döwrüň talap laryna laýyk guramaga, ähli tebigaty söýüjilere ýurdumyzda ýaşaýan haýwanlary tanamaga kömek berer diýip pikir edýäris.
Kurs işiniň maksat we wezipeleri. Tebigat ylymlary tutuş gurşawy öwrenýän ylymlardyr: toprak, atmosfera, umuman, ýer, kosmos, tebigat, ähli janly we jansyz zatlar we olaryň üýtgemeleri. Tebigatda bolup geçýän wakalar we prosesler, janly organizmleriň ösüş etaplary, adamzadyň tebigatyň we jemgyýetiň kanunlaryna täsiri.
Kurs işiniň predmeti. Okuw gollanmasy orta mekdepleriň mugallymlaryna döredijilikli işlemäge, tebigaty söýüjilere, tebigatynyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan haýwanlary içgin öwrenmäge we olara aýawly göz bilen garap, gorap saklamak işlerine kömek etmäge ýardam berer. Okuwçylaryň ylmy-tebigy dünýägaraýyşlaryny we tebigy ylymlary öwretmekde logiki pikirlenişini emele getirmek we giňeltmek öwretmekde her sapagyň mowzugyny düşündirmäge üns berilýär.
Kurs işiniň obýekti. Obýekt edip başlangyç synp tebygy ylymlar dersleri we tebigaty öwrenmek kitaplaryndan alyndy we iş üçin saýlanan dürli hili usullar bu synpda tejribe-synagdan geçirilip gelinýär.
Kurs işinde gollanylýan metodlar. Okatmakda multimediýa hem-de tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň ýurdumyzyň gymmatly baýlyklary bolan ösümlikleri we haýwanlary içgin öwrenmekde hem ähmiýeti uludyr. Kompýuter ýa- da interaktiw tagta arkaly tebigatyň şol baýlyklarynyň okuwçylara görkezilmegi olar baradaky maglumat laryň berk ýatda galmagyna, olaryň köpdürlüligine düşünmäge, okuwçylarda öz ýurdumyzda şeýle gymmatly ösümlikleriň hem-de haýwanlaryň
bardygyna buýsanç, guwanç duýgusynyň oýanmagyna mümkinçilik berýär. Çünki,
bilimli, ylymly we terbiýeli ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň esasy şertleriniň biri hem olarda milli duýgyny oýarmak, ösdürmek, öz Watanyna, tebigatyna we onuň baýlyklaryna söýgi döretmekdir.
Kurs işiniň ylmy we amaly ähmiýeti. Bu işiň netije we bildirilen tekliplerden umumtälim mekdep okuwçylary özleriniň dersleri dowamynda, tebigat hakynda ýaşaýyş hakynda giň düşinja eýe bolmagyna kömek bermekdir.
Kurs işiniň gurluşy. Işimiz giriş, dört esasy bölüm, netije we peýdalanylan edebiýatlar sanawy hem-de 25 listden ybarat.
|
| |