|
OTHOR HAÝWANLAR GÖRÜNIŞI WE OLAR HAKYNDA MAGLUMAT
|
bet | 5/6 | Sana | 13.06.2024 | Hajmi | 477,5 Kb. | | #263467 |
Bog'liq Bagul TOMdan kurs işi OTHOR HAÝWANLAR GÖRÜNIŞI WE OLAR HAKYNDA MAGLUMAT
Keýik – (джейран – Gazella subgutturosa) – çyn şahlylar maşgalasyna degişli. Ol toýunsow we çägesöw toprakly çöllüklerde we ýarymçöllüklerde, dag etek baýyrlyklarynda ýaşaýar. Dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmaýar. Azar berilmedik ýagdaýda oba aralaşyp,
ekdi bolup hem ýaşap bilýär. Ol daşky keşbi örän owadan, uzyn aýakly haýwanlaryň biridir. Erkek hem-de ene keýikler öz bedenleriniň ölçegi we agramlary boýunça bir- birinden tapawutlanýarlar. Erkekleriniň bedeniniň uzynlygy 105–126 sm, ene keýikleriňki 101–119 sm, agramlary, degişlilikde, 24–34 we 20–33 kilogramdyr. Keýigiň bedeniniň arka tarapy we gapdallary çäge öwüşginli, garynlary bolsa, ak reňklidir.
Guýrugynyň reňki garamtyl bolany sebäpli, agymtyl ardyndan aýyl-saýyl tapawutlanýar. Erkek keýikleriň uzyn lygy 40 sm-e golaý lira (saz guraly) şekilli garamtyl çal reňkli şahlary bardyr. Ene keýikler, adatça, şahsyzdyr. Ýöne arasynda uzynlygy 5 sm-e ýetýän keltejik şahlylary hem bardyr. Olar süri bolup ýaşaýarlar. Sürülerindäki keýikleriň sany durnuksyzdyr.
Ýaşamak üçin amatsyz şertler dörände bir ýerden başga ýere gidýärler. Keýik suwa mätäçlik çekýär, ýöne ýaz da hem-de tomusda suw gytçylyk edende, ter otlary iýip, suwsuz hem oňup bilýär. Ene keýikler aprel, maý aýlarynda (adatça, 2 käte bolsa 1) owlaklaýar. Ol ösümlikleriň dürli görnüşleri bilen iýmitlenýär. Ýöne iýýän iýmitlerini çalt üýtgedip bilýär.
Sugun (благородный олень – Cervus elaphus) – sugunlar maşga lasyna degişli. Ol derýalaryň boýundaky uly agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň jeňňel
liginde ýaşaýar. Ýaz aýlary iýmitlenmek üçin, çöllük meýdanlara yzygiderli çykýar.
Sugun örän owadan, gelşikli haýwandyr. Bedeniniň agramy 100-den 300 kilograma çenli bolýar. Olaryň tekeleriniň şahlaryndaky ösüntgileri, adatça, bäşden artyk bolmaýar.
Sugunyň derisi bir öwüşginde sarymtyl ýokundyly çalymtyl goňur reňklidir. Gerşiniň ugry bilen garamtyl zolak geçýär. Sütügi irimçikdir. Ol sentýabr aýy buka gelýär. Maý–iýun aýla rynda 1 sany göle dogurýar.
Sugun elde we ýarym erkin şertlerde gowy köpelýär. Olaryň iýmitiniň esasy bölegini otlar, gamşyň, deregiň ýere gaçan gury ýapraklary, agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň baldak lary düzýär. Sugunlaryň ösümlikleriň 120 görnüşini iýýändigi ylymda bellidir. Tomusda garaňky gatlyşanda, gijesine, gyşda bolsa gündiz iýmit lenýär. Sugun öň Amyderýanyň, Syrderýanyň, Murgap we Tejen derýalarynyň boý larynda ýaşapdyr.
Häzirki wagtda bolsa diňe Amyderýa jülgesindäki tokaýlarda duş gelýär. Düýbünden ýitip barýan we ýaşaýan ýaýrawy örän çäkli görnüş bolany sebäpli, sugun Özbegistan Gyzyl kitabyna girizilendir.
Sakgally umga (dag tekesi) – iri şahlylar maşgalasyna degişli. Türkmenistanda umga laryň 2 gör nüşi: sakgally we burma şahly umga gabat gelýär. sakgally umga uçut gaýalarda, çuň derejesinden 1000 –1200 m belentliklerde ýaşaýar. Ol uly (bedeniniň uzynlygy 150 sm-e çenli), agajet bedenli haýwandyr.
Sakgally umganyň agramy 70 –80 kilograma barabardyr. Bedeniniň arka tarapynyň we gapdallarynyň reňki çalymtyl goňur, tomsuna gyzgylt ýa-da çyparrak goňurdyr. Arka tarapyndan garamtyl goňur zolak geçýär. Kellesiniň reňki garamtyl goňur, tumşugynyň aşagyndaky gür tüýleriniňki hem-de guýrugynyňky garamtyldyr. Tekesiniň gür hem-de uzyn sakgaly we gylyç şekilli uzyn şahlary bolýar. Şahlary iki gapdalyndan gysylan, öň tarapy bolsa örän ýitidir. Şahlarynyň öň tarapynda (daş ýüzi) birneme ýitileşen düwürleri bar. Olar şahlarynyň ugruna, ýokarlygyna uzalyp gid ýärler. Geçileriniň şahlary tekesiniňkiden tapawutlylykda has gysga, göni hem-de inçedir. Ýaşy ýeten geçileri ekiz, ýaşlary ýalky owlak berýärler.
Sakgally umga otjumak we gyrymsy ösümlikleriň ýap raklary hem-de ýaşajyk baldaklary bilen iýmitlenýär. Ol Köpetdagda, Kiçi we Uly Balkan daglarynda gabat gelýär. Ýitip barýan we ýaşaýan ýaýrawy çalt daralýan görnüş bolany sebäpli, sakgally umga Özbegistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ol Köpetdag döwlet gorag hanasynda goralýar.
Burma şahly umga – (винторогий козёл – Capra falconeri) – çyn şahlylar maşgalasyna degişli. Ol deňiz derejesinden 1500 –2500 m belentlikde, arça agajynyň selçeň ösýän dag guşaklyklarynda, çuň jülgeleriň gaýaly eňňitlerinde: ýeterlik ot-iým bolan ýerlerde, ygally howadan goranmak we howpsuz ýaşamak üçin amatly kertlerde, erňeklerde, çüňklerde we tekçelerde ýaşaýar.
Sakgally tapawutlylykda olaryň tekeleriniň uly, burum-burum aýlawly, geçileriniň bolsa has inçe, kiçijik şahlary bolýar. Burum- burum şahlarynyň uzyn lygy 2–3 sm töweregidir. Şahlaryndaky aýlawlarynyň sany 2–2,5-den 3-e çenli bolýar. Tekeleriniň sakgalynyň uzynlygy 25 sm-e ýetýär, geçileriniňki ondan kelteräkdir. Burma şahly umganyň tekeleriniň bedeniniň uzynlygy 1,5 m, beýik ligi 1 m-den hem geçýär. Uly tekeleriniň agramy 86, geçileriniňki bolsa 41 kilograma ýetýär. Boýnunyň aşak tarapyndan döşüne çenli sallanyşyp duran uzyn çöpür ony örän gelşikli görkezýär. Burma şahly umganyň bedeniniň tüý örtügi gyşyna uzyn we gür, tomsuna has seýrek hem-de gytykdyr. Tüýleri gyşda çal öwüşginli, tomsuna böwürleri, arkasy, boýny, aýaklary açyk çyparrak çäge reňkde bolýar. Kellesiniň, aýagynyň, sakgalynyň we guýrugynyň reňki gyşyn, ýazyn üýtgemeýär. Tekeleri ýylyň köp wagtyny ýekelikde geçirýärler. Geçileri geçen we şu ýylky owlak lary öz toparyna goşýarlar.
Geçileri aprel aýynyň ahyrynda, maýyň başynda (1–2 sany) owlaklaýar. Olar elde gowy köpelýärler. Öý geçileri hem burma şahly umgadan gelip çykandyr. Burma şahly umga dürli otjumak ösümlikler, gyrymsy we uly agaçlaryň ýapraklary, ýaşajyk baldaklary bilen iýmitlenýär. Düýbünden ýitip barýan we ýaşaýan ýaýrawy örän çäkli görnüş bolany sebäpli, burma şahly umga Özbegistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Aýrak – (dag goçy, – горный баран (arhar) – Ovis vignei) – çyn şah lylar maşgalasyna degişli. Ol deňiz derejesinden 100–2800 m beýiklikdäki dag
gerişleriniň eňňitlerinde, belentliklerde, dagüsti sähralyklarda, dürli otly we pisseli baýyrlyklarda ýaşaýar. Aýrak kölegeli, buky ýerleri halaýar.
Ol göwresi uly gelşikli haýwandyr. Bedeniniň uzynlygy goçlarynda (erkeklerinde) 160, ene aýraklarda 140 sm-e ýetýär. Goçlarynyň agramy (ýanwar– mart aýlarynda) 80 kilograma, ene aýraklaryňky 46 kilograma golaýdyr. Güýzde olaryň agramlary artyp, goçlarynyňky 85–96, ene aýraklaryňky 56 kilograma barabar bolýar.
Bedeniniň tüý örtükleri sarymtyl çypar, goňras çypar reňklidir. Boýnunyň aşagyndaky tüýleri ösgündir. Bokurdagynda we äňiniň düýbünde solak reňkli gür sakgaly bolýar. Şahlary towly, uly we saldamlydyr.
Onuň üstündäki zolak güberçekleri irimçikdir. Goçlarynyň arasynda şahsyzlary hem gabat gelýär. Ene aýrak 1,5 ýyldan köpelmäge başlaýar. Ol 2, seýrek 3 guzy guzlaýar. Aýrak ösümlikler bilen iýmitlenýär. Ýitip barýan we ýaşaýan ýaýrawy çalt daralýan görnüş bolany üçin, aýrak Özbegistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
NETIJE
Netijede adamzat döräli bäri onuň töweregini mydama haýwanlar gurşap alypdyr. Olaryň käbirlerini adam iýmit üçin awlasa, ýene birlerini howply duşmanlar we zyýan ýetirijiler hökmünde ýok edipdir, birentegini bolsa öz öýüne ýakynlaşdyryp, ellekileşdirmäge synanyşypdyr. Şeýdip, kem-kemden adamyň töweregine, onuň durmuşynyň hemrasy bolan – haýwanlar, jandarlar ýakynlaşyp ugraýar.
Häzirki döwürde itiň wepaly, pişigiň mylakatly dostlygyna hiç bir adam şübhelenip bilmez. Käbir ýagdaýlarda olar edil maşgala agzasy ýaly saklanylýar. Öý haýwanlary saklanýan maşgalada ösen çagalarda rehimdarlyk, jogapkärlik, birek- birege ünsli bolmak ýaly häsiýetler ösen bolýar. Şeýle hem dürli keselleri bejermekde, olaryň geçişini ýeňilleşdirmekde animaloterapiýanyň (haýwanlaryň kömegi bilen bejergi geçirmek) netijesiniň ýokarylygy eýýäm subut edilendir. Haýwanlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak psihologiki bozulmalaryň utgaşykly bejegisinde, ruhy dartgynlygy aýyrmak we merkezi nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmak üçin ulanylýar. Käbir ýagdaýlarda olar adamlara daşky gurşaw bilen arabaglanyşygy sazlamagy öwredýär, galybersede ýalňyz adamlara "söhbetdeş", ömrüniň hemrasy bolup, beýleki adamlar bilen aragatnaşygyň ýetmezçiliginiň ornuny doldurýar.
Haýwanlara rehimsizlik , haýwanlara zulum etmek, haýwanlary äsgermezlik hem diýilýär, bu bolsa adam däl haýwanlara adamlaryň agyrysyny ýa-da zyýanyny aňladýar . Has dogrusy, belli bir üstünlik üçin güýmenje üçin haýwanlary öldürmek ýagdaýlary bar; haýwanlaryň zalymlygy haýwanlara mugt we delilsiz zyýany aňladýan zoosadizm adalgasyny hem öz içine alýar.
Dünýäniň dürli ýurisdiksiýalarynda haýwanlara rehimsizlik kanunlaryna dürli çemeleşmeler bar. Mysal üçin, käbir ýurtlar haýwanlary iýmit, egin-eşik ýa-da beýleki önümler üçin öldürmegi kanunlaşdyrýarlar, beýlekiler haýwanlary güýmenje, bilim, gözleg ýa-da öý haýwanlary hökmünde saklamaga rugsat
berýärler. Haýwanlaryň zalymlygy meselesine birnäçe düşünjeli çemeleşme bar.
Käbir amallar haýwanlara zulum etmek nukdaýnazaryndan zalym hasaplansada, dürli halklar we medeniýetler haýwanlaryň zalymlygy barada birmeňzeş kesgitleme bermeýärler. Mysal üçin, bir topar adam doňuzyň anestezi bolmazdan guýulmagynyň zalymlygyň bir görnüşidigini öňe sürýär, beýlekiler bolsa doňuzyň durmuşynda bolup biläýjek zyýanyň öňüni almak üçin döredilen et senagatynyň umumy usulydygyna ynanýarlar.
4-nji oktýabr “Haýwanlary goramagyň bütin dünýä güni”. Medeniýetiň ösmegi bilen birlikde diňe bir adamlaryň däl, eýsem şol bir wagtda-da haýwanlaryň hukuklary boýunça hem düzgünnamalar kabul edildi. Halkara kanunlar haýwanlaryň hem hukuklarynyň bardygyny we olaryň hem zalym çemeleşmelerden goralmagyny kepillendirdi. Ýek-täk maksady ýaşamak bolan haýwanlara, olara zyýan ýetirýändigimize düşüneliň, göz ýetireliň. Olara zyýan berilmegine ýol bermäliň. Esasanda tomus aýlarynda şäher merkezlerinde suw ýetmezçiligi sebäpli kynçylyk çekýän haýwanlara suw bereliň. Haýwanlary goramagyň bütin dünýä güni gutly bolsun!
|
| |