Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmen politehniki instituty




Download 2,17 Mb.
Pdf ko'rish
bet1/13
Sana15.05.2024
Hajmi2,17 Mb.
#235549
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   13
Bog'liq
Gubaýewa Ä~Surat-2010`TPI




 
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 
 
TÜRKMEN POLITEHNIKI INSTITUTY 
 
 
 
 
Ä.Gubaýewa 
 
 
 “Surat”
Hünäri: Binagär

 
 
 
 
Aşgabat 2010 ý.
 



SÖZBAŞY 
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geljegimiz bolan 
ýaşlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim almagy üçin 
ähli işler edilýär. 
Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden bilime, ylma 
giň ýol açdy, Türkmenistan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek 
boýunça düýpli özgertmeler geçirmäge girişdi. 
Türkmenistanyň 
Prezidenti 
Gurbanguly 
Berdimuhamedowyň 
“Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” 2007-nji ýylyň 15-
nji fewralyndaky Permany bilin ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň 
ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, 
edep-terbiýeli, tämiz ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly 
ýardam edýär. Okuw kitaby Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasynda 
ýokary bilimli hünärmenleri taýýarmaklyga bildirilýän talaplary göz öňünde 
tutup taýýarlanyldy 
Surat ýokary binagärçilik mekdebinde esasy ders bolup durýar, ol birnäçe 
wezipeleri ýerine ýetirýär, olarsyz häzirki döwürde doly derejeli binagärçilik 
hünärmenini taýýarlamak mümkin däl. Binagäriň kär döredijiliginde ilkinji 
ähmiýete – ýokary ösüşli göwrüm-giňişleýin we çeperçilik-kompozision 
düşünjesi eýedir. „Surat“ dersiniň serişeleriniň kömegi bilen şol düşünjäniň 
ösüşiniň prosessi bir toplumda bolup geçýär, binagärçilik taslamasy, sungatlaryň 
we binagärçiligiň taryhy, çyzuwly geometriýa, suratçylyk, heýkeltaraşlyk we 
başgalar ýaly dersler bilen ýakyn aragatnaşykda. 
Binagärçilik mekdebinde okatmagyň baş we ahyrky maksady – umumy 
çeperçilik medeniýetiň ösüşinden, binagärçilik nusgalary we giňişligi düşünmek 
we şekillendirmek, daşky töweregi hakykatdan we hyýaly şekillendirmekden 
durýar. 
Surat – bu Binagär üçin esasy dildir, ýa-da başgaça aýdanymyzda, binagär 
öz pikirini diňe suratyň üsti bilen düşündirip biler. „Surat“ dersiniň ilkinji 
sapagy-giriş söhbedinden başlanýar. Giriş söhbedinden ussat suratkeşleriň işleri 
we görkezme esbaplar kömek edip biler. 
Suratkeş, binagär, heýkeltaraşçy üçin ilkinji sapak geometrik şekilden 
başlanýar. Suratkeşçiň surat işi binagäriňkiden has tapawutly bolup biler.
Talyplar şekiliň gurnaýyş meselesini giňişlikdäki görnüşini, şekiliň ýagty-kölege 
şöhlenmesini, gurnama – prinsiplerini, perspektiwa kanunlary bilen tanyşýarlar.



Talyplaryň alan bilimlerini berkitmeleri we özbaşdak işlemek endiklerini 
ösdürmek üçin, olara ähli geçilen temalaryň bölümlerine degişli suratlary 
alboma, grafiki tehnikasynda ýerine ýetirmeklerini tabşyrylýar. Bu bolsa 
talyplaryň ýatkeşligini, grafiki tehnikasynda özleşdirmeklige itergi berýär.
Okuw-terbiýeçilik işleriň netijeligini ýokarlandyrmak, talyplaryň okuw 
materiallaryny üstünlikli özleşdirmeklerini gazanmak we olaryň pikirleniş 
ukyplaryny ösdürmek hem-de döredijilik işjeňligini artdyrmak üçin umumy we 
amaly okuw sapaklarynda okatmagyň dürli usullary ullanylýar.
Şu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň binagärlik hünärli üçin 
niýetlenilendir. 

Download 2,17 Mb.
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   13




Download 2,17 Mb.
Pdf ko'rish

Bosh sahifa
Aloqalar

    Bosh sahifa



Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmen politehniki instituty

Download 2,17 Mb.
Pdf ko'rish