30
Hakykatdan we göz öňüne getirme boýunça çekilen suratlar uly ähmiýete
eýe bolýarlar. Şonuň üçin, belli-bir nukdaý nazaryna görä uzak wagtly okuw
suraty ýerine ýetirilende, çekilýän predmet-modeli ähli tarapdan synlamak
gerek bolýar we häsiýetli nokatlardan gysga wagtly suratlary etmek bolýar,
esasan, çyzykly, olar çekilýän görnüşi doly öwrenmäge we üstünlikli suraty
çyzmaga mümkinçilik berýärler. Garalamalaryň kömegi bilen daşky görnüş
barada, giňişlikdäki hereketler we çekilýän obýektiň proporsiýalary barada
aýdyň pikiri almak bolýar. Eger-de predmetiň görnüşi çylşyrymly bolsa, onda
onuň aýdyň düşünilmegi üçin tekizlik bilen pikirde birnäçe kesikleri etmek
peýdaly bolýar we bu kesikleri kagyzda çyzyk bilen görkezmek bolýar. Käwagt
tiz garalama suratyň şahsy meseleleriniň birini çözüp bilýär: bir ýagdaýda –
gurluş, beýleki ýagdaýda proporsiýalaryň meselesi we geçirmegiň häsiýeti,
üçünjide – hereketi, ýagtylykkölegäni ýa-da kompozisiýany geçirmek.
Hakykatdan predmet öwrenilende we çekilende ony ýadyň boýunça dürli
ýagdaýlarda çekmek maslahat berilýär. Ýagtylyk-kölegesi
barada bilimleri
berkitmek üçin çyzyklar bilen hakykatdan predmeti çekmek, kölegeleri bolsa
pikir etme boýunça, giňişlikde ýagtylygyň çeşmesiniň belli-bir ýagdaýyny
ulanyp, çekmek maslahat berilýär. Geljekki barlag üçin ýagtylygyň çeşmesini
niýetlenen ýerine geçirmeli we suraty hakykat bilen deňeşdirmeli bolýar.
Geometriki görnüşleriň çekilmegi tejribe mana eýe bolýar, sebäbi öz
döredijiliginde binagär geometriki görnüşlere golaý bolan görnüşleri ulanyp
durýar. Kub, prizma,
piramida, konus, silindr we şar ýaly gorly (bazaly)
geometriki jisimler okuw suratynda has köp ulanylýarlar.
Kubyň doly ýagtylykkölegeli işlenilmegine seredeliň we surata
çekilmeginiň esasy derejelerini belläliň.
34
1-nji
dereje
– gyradaky nokatlar bilen kagyzda kompozisiýa
ýerleşdirilmeginiň belligi, şekiliň ýerleşdirilişiniň merkeziniň tapylyşy we alnan
görüş nokadynda perspektiwanyň, proporsiýalaryň we hereketiň kömegi bilen
kubyň burçlarynyň depeleriniň esasy nokatlarynyň tapylyşy.
2-nji dereje – süýşýän nokatlary we gözýetimi göz öňüne tutup bellenen
düwün punktlar boýunça ýeňil inçe çyzyklar bilen kubuň gurluşlarynyň
çyzylyşy.
3-nji dereje – has güýçli çyzyklar bilen perspektiw gurulmanyň we
proporsiýalaryň anyklanmagy. Hususy kölegäniň häsiýetli punktlarynyň
tapylyşy we olara laýyk gelýän gaçýan kölegäniň punktlarynyň kesgitlenilşi.
4-nji dereje – uly tonal gatnaşyklaryň çözülişi: hususy kölegäniň, gaçýan
kölegäniň we fonuň kesgitlenilşi.
5-nji dereje – ähli suratyň doly tonal işlenilmegi: refleksler we kölegeler
ýüze çykarylýança ýagtylyklarda we kölegelerde gatnaşyklaryň geçirilişi; surata
bütewiligi bermek üçin umumylaşdyrýan tonal gatnaşyklaryň tapylyşy.
Durmuşda ulanylýan predmetleriň suratyny çekmek üçin ýönekeý
görnüşleri saýlamak gerek bolýar – kuba ýa-da parallelepipede golaý, mysal
üçin, dörtburçly gap, kagyzdan taýýarlanan dörtburçly gap, sandyjyk we ş. m.
Predmetiň daşky we içki görnüşlerini çekmeli bolýar, kükürtli gapjagazyň
ortaky bölegini çykarmaly ýa-da sandyjygyň gapagyny açmaly we hökmany
dürli öwrümlerde. Soňra, öz içine silindriki we koniki görnüşleri öz içine alýan,
predmetleriň suratlarynyň çekilmegine başlamak bolýar – tegelekler, bidon,
bedreler, onuň bilen bilelikde olary gurmagyň, ähli görüş nokatlaryndan
aýratynlyklaryny göz öňüne tutup.
Ýönekeý predmetleriň gurulmagyny öwrenip, suraty çekmek üçin has
çylşyrymly predmetleri almak bolýar, olaryň üstleri egri çyzyklar bilen döredilip
bilnerler, mysal üçin, küýze, çäýnek, waza,
saz gurallary, soňra bolsa, üstleri
nagyşlar bilen bezelen predmetleri ulanmak bolýar. Ahyrynda natýurmortyň
üstünde işlemek bolar. Ol biri-biri bilen gowy laýyk gelýän durmuş
predmetlerinden, şeýle hem görnüşi, reňki we manysy boýunça gabat getirilip
düzülen bolmaly. Bu mysallar bir predmetiň beýlekä görä görälik
gatnaşyklarynyň duýgusyny ösdürmäge mümkinçilik berýärler, bir görüş
nokadyndan predmetleriň bir hatarynyň perspektiw gurulmagyny boýun
egdirmäge we olary ýagtylandyrmagyň ýeke-täk şertlerini geçirmäge hem
mümkinçilik berýärler. Durmuşy predmetlerden düzülen natýurmortyň üstünde
işlenilmegi, suraty çekýäniň öňünde, görnüşiň ölçeglerini kabul edişlige we
ýagtylykkölegeli gatnaşyklaryna reňkiň we fakturanyň täsir ediji soraglaryny
goýýar.