1.Giriş. Surat dersiniň maksady we meselesi
Okuw kitabynyň maksady – belli bir mysallaryň esasynda binagärlik
mekdebinde surat dersiniň metodikasyny işiäp taýýarlamak we binagärlik
taslamasynyň döredijilik prosessiniň hem-de sungatyň, tehnikanyň we ylmyň
arabaglanşygynyň esasynda hakyky binagäriň emele gelýänligini göz öňünde
tutmakdan ybarat. Binagär mydama gözlegde bolýar, duş gelýän kynçylyklaryň
oňaýly ýollaryň çözgütlerini gözleýär. Surat tehnikasyny eýe bolmak üçin ,
binagär işeňňirlik bilen oý- pikiriň , mysalaň esasynda gurşap alýan tükeniksiz
dünýa baýlygy bilen tanyş bolýar. Ýaş binagärleriň bilim almaklygyna uly üns
beren ussat Besnin. W. A. ( 1882-1950 ) şeýle diýýär « Eger ýazyjy keşbi-
pikiri söz arkaly beýan etse, binagär pikirini kagyz ýüzüne grafikanyň kömegi
bilen taslap şekillendirýär. Beýik fransuz materialisty, filosofy Didro. D( 1713-
1784) düşindirýär « Surat çekip bilmýän binagäre ynam etmäň» . Fransuz
filosofy Ž. Ž. Russo ( 1712- 1778) surat dersi duýgyny terbileýemäge uly täsiri
bar. Ilki durmuş eýýamyndan başlap iň kuwwatly serişdeleriň biri bolup
sungatyň dili hyzmat edipdir. Surat- hemme şekillendiriş sungatyň esasydyr,
birbada we özbaşdak galamda gutarylan eser. Surat ylymy- terjimesiz dürli
milletiň adamlaryna düşnikli dildir. Binagärlik şekiliniň esasynda nokat, çyzyk,
geometriýanyň giňişlikdäki göwriminiň çyzgysy we standart ýazgylardan bolup
durýar. Ady belli binagär Le Kobýuzýe şeýle diýýär « Surat çekeniňde zadyň
döreýşini okamany örenýäň. Sen görýärsiň olaryň döreýşini, ösüşini, özgerşini,
gülleýşini, ölüşini we ş.m. Her bir ýaşaýyşyň başlangyjynyň esasy biologiýadyr.
Döwrebap gurluşyk döredijiliginiň düýp esasynda adylga sözi « Biologiýa »
ýatyr. Surat çekmek – synlamak, açmak, düzmek, döretmek diýmekdir. Surat –
gadymy döwürde dörän , öz anatomiýasyna eýe, onuň esasynda tegmiller bar.
Binagär üçin surat dersi hökmany ýagdaýda matematika, geometriýa, fizika,
biologiýa, jemgyýetçilik ylymy, zähmet ýaly ylymlar bilen bagly bolýar. Bu
9
baglylyk diňe suraty tapawutlanyp pikirlenip çekmäni öwretmän, eýsem
durmuşy çuňňur öwrenmek diýmekdir. Esasy gyzyklandyrma surat dersini
öwrenmekde Italiýanyň Galkynyş döwrini mysal getirip bolar. Şol döwriň ussat
suratkeşleri, binagärleri, konstruktor alymlar, gurluşykçylar öz ýazgylarynda
binagärlik ylmynyň esasy ornyny surat eýeleýändigini ýazypdyrlar. Duýgy,
bilim- baglylykda, suratyň anyk maksadyny tassyklaýar. Giňişlikde we sagatda
göwrimiň ösüşi kanunyny bilmeklikde dürli komponentleriň başlangyjy
kompozisiýadyr. Funksiýa, ölçeg, proporsiýa, hereket, materialyň täsiri,
konstruksiýa, ýagtylyk we görüş, umumy we hususy duýuş ýaly adylga sözler
surat dersiniň we binagärlik döredijiliginiň başlangyçlarydyr.
Beýik ussatlaryň suratlarynda çyzyklaryň sazlaşygy
10
Dürli tehnikanyň kömegi bilen tebigaty şekillendirmek
11
Dürli tehnikanyň kömegi bilen tebigaty şekillendirmek
Görnüşi ýada adamy belli bir nokatdan duran hereketini çekmek üçin,
hökmany ýagdaýda dürli hereketini göz öňüne getirmäni başarmaly. Adamyň
hereketini öňünden, gapdaldan, yzyndan, ýokardan we aşakdan şekillendirmek
üçin synlaýjy häsiýete eýe bolmalydyr. Suratkeşiň sungat döredijiliginde
şekillendirilen suraty doly gutarnykly hasap edilmez, egerde konstruksiýa,
hereket we formanyň proporsiýasy parallel alynyp barylmasa .Tebigatyň
şekilini binagärlik mekdebinde görkedilen metodiki surata degişlidir.
Adamlaryň dürli masştabdaky şekilleri
12
Surat, geometriýa we geometrik formalary göniden-göni binagäriň
dörejilik işine degişlidir.Geometrik abstraksiýasy doly we takyk giňişlige we
forma akyl ýetirmeklik ýagdaýyny döredýär. Giňişlik, forma, ýagty -
kölegäniň ýaýraýşyny düşünmek, pikirlenmek we görüş duýgusy, ýatdan
ynamly surat çekmek, göz öňüne getirmegiň esasynda aňsatlyk bilen suratdan
çyzga, çyzgydan maketa we hakyky binýadyň natural ululygyna geçmek
usullary geometrik abstraksiýasyna degişlidir.Janly tebigatda formany emele
gelşinden kämillige çenli göz öňüne getirmeklik döredijilik pikiri( pikirlenmesi )
üçin we surat üçin uly esas bolup durýar. Geometriýany ullananamyzda dogry
we yzygiderli meseläni çözmäni öwredýär. Oňa mysal bolup ortaganal,
aksanometriýa, perspektiwa proýeksiýalary degişlidir.
Suratyň düzgünlerini öwrenip, geljekki binagär “
|