18
Eliň barmaklarynyň şolar ýaly goýulyşy galamyň uzynlygyny amatly
ulanmaga we basyş derejesini sazlamaga mümkinçilik berýär, şonda
el listi
ýapmaýar we suraty çekýäne işiň dowamynda bölekleri deňeşdirmäge we suraty
umumydan hususa alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Arassalanan ujyna golaý galamy saklamaklyk, ähli şekil dogry gurnalan
bolanda we ownuk bölekleriň anyklamagyna we geçirilmegine geçmeli bolanda
rugsat berilýär.
Surat çekilende dürli ýalňyşlyklar göýberilip bilnerler, olardan gorkmaly däl.
Olary wagtynda görmägi we az serişdeler bilen düzetmegi has ähmiýetli bolýar.
Şonuň üçin başdaky bellikler gowşak ýa-da “ýitýän” nokady ýa-da çyzygy bilen
geçirilmeli. Bu bellikler soňra, has güýçli, tapylan nokatlar ýa-da çyzyklar bilen,
seljermeden soň geçirilenler, görünmeýän bolmaly.
Okuw suratynda şekillendiriljek çyzygy tutuşlygyna görmegi özüňe endik
edinmeli.Onuň üçin ilki bilen onuň başyny we ahyryny nokatlar bilen bellemeli.
Çyzygy bölekleýin däl-de, ähli uzynlygy boýunça ýöretmeli, şonda galamyň
ujyna däl-de, nokatlar bilen bellenilen çyzygyň ahyryna seretmeli.
Görnüşi boýunça has çylşyrymly çyzyklar birnäçe aralyk häsiýetli
nokatlaryň bellenilşini talap edýärler, olar kagyz listiniň
gyralygyna parallel
bolan, kese we dik galtaşýan çyzyklaryň kömegi bilen kesgitlenýärler.
Suratyň bu esasy gurluş düzgüni göniniň we öwrülýän çyzygyň getirilen
mysallarynda düşündirilýär.