35
5.Adamyň bedeniniň öwrenilmegi we suratynyň çekilmegi
Adam – bu,
fiziki we psihiki ukyplar, şeýle hem daşky görnüşi we içki
gurluşy boýunça çylşyrymly mehanizm. Şonuň üçin kämil we çylşyrymly
görnüşi hökmünde adamyň bedeniniň suraty, akademiýa mekdebiniň okuw
hadysasynyň ýokary basgançagy hökmünde çykyş edýär.
Binagäriň biliminde aýratyn orny adamyň bedeniniň suraty we ony
öwrenmegiň düzgünleriniň öwrenilmegi tutýar. “Naturanyň ünsli öwrenilmegi”
– W.A. Wesninyň, beýik rus binagäriniň belleýşi ýaly, - owadanlygyň, saýlap
bilmekligiň duýgusyny ösdürýär. Janly tebigatda proporsiýalaryň kanunlaryna,
bütewiligiň düşünjesine we beýleki birnäçe düzgünlerine we pikirleriň
düşünjelerine ýetilmek bolýar. Olaryň düşünilmegi adam – suratkeşiň
döredilmegi bilen bagly bolýar. Suraty çekýän adam, tebigat bilen tanyşanda,
onuň owadanlygynyň we sazlaşygynyň kanunlaryna näçe çuň girse, şonça-da
onuň şekilleri kämilleşen bolarlar, şonça-da ol işiniň tamamlanmagyna aňsat
ýeter we onuň döreden zatlary has-da owadan bolarlar.
Islendik döredijiligiň merkezi obýekti adam bolup durýar.
Renessansyň beýik nazaryýetçisi bolan Albertiniň sözleri: “...adam zatlaryň
esasy we ölçegi bolup durýar.”
Diňe adam bilen deňeşdirmede, oňa görä köplügi ýa-da azlygy, ýeňili ýa-da
agyry bellemek bolýar.
Hakyky suratyň düzgünlerini çuň eýelemek üçin adamyň plastiki
anatomiýasynyň esaslaryny öwrenmek gerek bolýar. Birinjiden, daşky, üstki
kabul edişlikden we adamyň görnüşleriniň ýagtylykkölegeli ýa-da çyzykly
endikde hakyky, çuň şekillendirmä geçmek gerek bolýar.
Adamyň suratyny çekip, talyp onuň bedeniniň gurluşynyň logikasyna
düşünmeli we şol bedeni şeýle ýagdaýda dogry geçirmeli, gurmaly, haçanda
onuň bölekleri özara we bütewi bilen sazlaşykly gabat gelende.
Ikinjiden, adamyň bedeniniň bilimi çeperçilik “görüşi” ösdürýär, geljekki
zodçynyň hakyky döredijilik, gurluş-giňişlikli pikirini ösdürýär. Adamyň
bedeniniň sazlaşygynyň esasynyň bilimi, onuň görnüşiniň wezipä we gurluşyna
laýyk gelmegi geljekde tebigatyň we zatlaryň dünýäsiniň dürli görnüşleriniň
öwrenilmegine dogry barmaga we görmäge mümkinçilik berýär we zatlaryň içki
gurluşyna düşünip, ondan, geljekki binagäriň öňünde durmuşyň goýýan dürli
döredijilik meseleleri çözmek üçin tejribe peýdasyny almak.
Şekillendiriş sungatynyň ussatlary we mugallymlary
tarapyndan girizilen,
adamyň bedenini şekillendirmegiň gurluş düzgünleriniň eýelemegi, geljekki
zodça erkin, “göz öňüne getirme” boýunça, dürli binagärlik pikirleri
şekillendirmäge, kagyz ýüzüne “geçirmäge” mümkinçilik berýär
36
Okuwçy üçin görnüşiň daşky we içki gurluşynyň baglanşygyny düşünmek
ähmiýetli bolýar. Apollonyň, Diadumeniň, Dawidiň şekillerini suratlandyryp,
okuwçy bedeniň gurluşynyň adaty kanunlaryny bellemeli we synlamaly: gurluş,
plastik, ölçeg, proporsional.
Portretli häsiýetnama, işiň yzygider baglanşykly derejeleriň netijesi
hökmünde okuw suratyň umumy talaplarynyň çäklerinde ýerine ýetirmeli. Eger-
de okuwçy figuranyň proporsiýalaryny dogry şekillendirýän bolsa, onuň
bedeniniň ähli agramynyň we bölekleriniň hereketini dogry görkezýän bolsa,
olaryň gurluş we logiki baglanşygyny dogry görkezýän bolsa, perspektiwany
göz öňüne tutup, ýagtylykkölegeli meseläni üstünlikli çözýän bolsa (“kesikleri”
we kölegeleriň nazaryýetini göz öňüne tutup), onda daşky meňzeşlik ýerine
ýetirilmeli. Portretli häsiýetnama geljekki binagäriň öňünde durup biler, haçanda
ol tarapyndan adam bedeniniň gurluşynyň logikasy soňuna çenli düşünilen bolsa
we okuw suratynda bedeniň yzygider şekillendirilmeginiň esasy ädimleri anyk
özleşdirilen bolanda.
Adam sudurynyň daşky plastik görnüşiniň suratynyň çekilmegi
bilen
okuwça, adam sudurynyň düwün häsiýetli nokatlarynyň we plastik
anatomiýanyň ugrukdyrylan bilimleri gerek bolýar, olara daýanyp çeperçilik
kompozisiýanyň çylşyrymly meselelerini tiz çözmek bolýar: gurluş, hereket,
ölçeg, proporsiýalar, ýagtylykkölege, kontrast we nýuans, şeýle hem görnüşiň
perspektiwa gysgalmalary.
Plastik anatomiýanyň öwrenilmegini adamyň bedeniniň esasy bolan –
skelet – karkasdan başlamaly. Skeletiň süňkleri bedeniň ähli bölekleri üçin
daýanç bolup durýarlar we içki agzalaryň goragy hökmünde çykyş edýärler.
Aýratyn süňkleriň we damarlaryň görnüşiniň öwrenilmegini olaryň wezipe
niýetlenilşi bilen baglaşdyrmak gerek bolýar.
Suratda plastik anatomiýanyň bilimlerini netijeli ulanmak üçin daşky
görnüş we içki gurluş öwrenilenden soň, dürli hereketler we şonda bolup geçýän
görnüşiň plastik üýtgemeleri görkezilýärler.
38
Plastik anatomiýanyň öwrenilmegi talyba nazary we tejribe bilimleri berýär,
akyly baýlaşdyrýar, görnüşiň görüşini ýiteldýär. Okuwyň başlangyç döwründe
adam-naturaçy başlangyç dik ýagdaýynda durmaly.