Adam kellesi. Anatomiki gurluşy. Proporsiýa




Download 2,17 Mb.
Pdf ko'rish
bet8/13
Sana15.05.2024
Hajmi2,17 Mb.
#235549
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   13
Bog'liq
Gubaýewa Ä~Surat-2010`TPI

6.Adam kellesi. Anatomiki gurluşy. Proporsiýa 
Adamyň kellesiniň daşky görnüşi örän çylşyrymly we dürli bolýar. Onuň 
bilen bilelikde kelläniň gurluşy deň anatomiki, gurluşyna, ähli obýektleri üçin, 
esaslanýar, ol, adamyň hususy häsiýetlerine garamazdan, onuň görnüşleriniň 
plastikasynyň umumy häsiýetini kesgitleýär. 
Kelläniň göwrüm görnüşiniň häsiýetini göz öňüne getirmek üçin (126 sur.), 
ony diňe ähli tarapdan ünsli synlaman (öňünden, gapdaldan, yzdan, ýokardan we 
aşakdan), eýsem esasy tekizliklerde (frontal, profil we kese) “häsiýetli kesikleri” 
etmeli bolýar. Kelläniň plastikasyna şeýle hem birnäçe anatomiki punktlaryň 
kömegi bilen düşünilýär – düwünleriň kömegi bilen (daýanç nokatlar ýa-da 
maýaklar) we çyzyklar bilen. 
Mysal üçin, öňdäki görnüşde kelläniň görnüşini kesgitlärler: maňlaý 
çykyşlary, gaşlaryň üstündäki ýaýlar, gözleriň gapdalyndaky çyzyklar, gözleriň 
oýuklary, burnuň esasy we ganatlary, agyzyň burçlary, agyzyň aşagyndaky 
çykyşlar, depe, aşaky böleginiň burçlary, ýaňak süňkleri. 
Kelläni suratlandyrmagyň hadysasy, esasan onuň ýüz tarapynyňky, 
proporsiýalaryň bilimine esaslanmaly (141 sur.). Kelläniň ölçegleriniň ähli 
bedeniň ölçeglerine görä gatnaşyklar, adamyň ähli bedeniniň ölçeglerine görä 
gatnaşyklar, adamyň ähli bedeniniň gurulmagynyň moduly bolup durýarlar we 
dogry şekilli ölçegli we ýaş häsiýetnamasyna laýyk gelýärler. 
Adamyň kellesi, esasan onuň ýüz tarapy – plastiki taýdan çylşyrymly 
görnüş bolup durýar. Şonuň üçin ony şekillendirmegiň hadysasy aýratyn 
bölekleriň suratlandyrylmagy we öwrenilmegi bilen bilelikde bolmaly: gözüň, 
burnuň, dodaklaryň, gulagyň. Aşakda kelläniň tutuşlygyna we her böleginiň 
suratynyň we öwrenilmeginiň yzygiderliligi görkezilen. 
142-nji suratda birnäçe öwrümlerde bir ýa-da birnäçe görüş nokatlaryndan 
Antinoýyň kellesiniň şekili görkezilen. Ol gurluşlaryň, proporsiýalaryň, göwrüm 
görnüşiň gurulma usullarynyň bilimlerini çuňlaşdyrýar. 143-nji suratda bir 
ýagdaýdan suraty ýerine ýetirmegiň yzygiderliligiň 4 dürli derejeleri görkezilen. 
1-nji dereje. Ähli kompozisiýanyň görüşiň merkezi şöhlesiniň nokatlaryny 
we suraty ýerleşdirmegiň gyradaky nokatlaryň belligi. Äňiň daýanç 
nokatlarynyň we ähli kelle üçin merkezi şöhläniň geçirilmegi. Kelläniň umumy 
owalynyň we äňiň we burunyň esasynyň, burunyň üstki böleginiň, maňlaýyň 
ortasyndan geçýän profil çyzygynyň esasynyň şekillendirilmegi. Boýnuň 
ugurynyň ýeňil çyzyklar bilen geçirilmegi. Profil çyzygyň esasynda bellik – 


39 
gözüň çyzyklarynyň, gaşüsti ýaýlaryň, burnuň aşaky esasynyň we dodaklaryň 
kesiginiň, gulagyň esasynyň çyzygynyň. 
2-nji dereje. Kelläniň bölekleriniň gurluş punktlarynyň geçirilmegi: aralyk 
(burunuň üsti), aň, burun, göz, dodak, ýaňak süňkleri, maňlaý, gulaklar. Boýnuň 
esasy nokatlarynyň belligi. Ähli jübüt, ortaky çyzyga görä simmetriki ýerleşen, 
kelläniň daýanç nokatlary kelläniň esasy proporsiýalaryň, hereketiň häsiýetine 
we perspektiw gysgaltmalara görä geçirilýärler. Barlag üçin jübüt daýanç 
nokatlaryny ýeňil göni çyzyklar bilen birleşdirmek bolýar. 
3-nji dereje. Suratyň 2-nji derejesinde göýberilen ýalňyşlyklaryň 
seljermesi. Has güýçli we dogry çyzyklar bilen kelläniň bölekleriniň we umumy 
görnüşiniň gutarnykly suratlandyrylmagy. Ýagtylykkölegeli döwülmäniň ýeňil 
belgilenşi mümkin bolýar. 
4-nji dereje. Hususy kölegeleriň gurulmagy. Kelläniň umumy görnüşiniň 
we onuň bölekleriniň kesikleriniň göz öňüne tutulmagy bilen ýagtylyga görä 
hususy we gaçýan kölegeleriň kontrast geçirilmegi. Kelläniň şekiliniň gyralary 
boýunça kölegeleriň üstünde işläp, olary garalamaly däl, gowşagrak etmeli, 
kagyzyň üsti we giňişlik bilen baglaşdyrmaly.5-nji dereje. Kölegelerde we 
ýagtylykda nýuanslar we geçişler. Ähli şekiliň deňeşdirilmegi we umumy 
laşdyrylmagy. 


40 
Antik heýkeli. Antinoý 


41 
Antik heýkeli. Afrodita 


42 
Adamyň kellesiniň suratynyny çekmegiň usuly gipsli bölegiň suratyny 
çekmekden kän-bir tapawutlanmaýar. Onuň bilen bilelikde käbir sebäplere görä 
janly kelläniň suraty çylşyrymly bolýar, şonuň üçin uly hünär taýýarlygyny 
üpjün edýär. Ussatlar bilen döredilen we talyplara hödürlenýän heýkel şekilleri, 
çeperçilik umumylaşdyrylmagyň güýji bilen tapawutlanýarlar. Janly kelläniň 
suratlandyrylmagy bolsa ownuk, goşmaça bölekleri aýyryp, esasy häsiýetleri 
bellemegi talap edýär. Mundan başga-da, gipsliden tawutlylykda, janly kelle şol 
bir ýagdaýy üýtgemän saklap bilmeýär we onuň üçin uly derejede çyzyklary 
kölegeleri görkezmegiň kopirleme ýagdaýyny göz öňüne tutmaýar. Ahyrynda 
janly kelläniň reňki we fakturasy suraty çekýäniň öňünde goşmaça 
päsgelçilikleri döredýär. 
Janly kelle suratlandyrlanda aýratyn ünsi gözleriň we dodaklaryň 
hereketiniň öwrenilmegine, gözleriň, dodaklaryň we saçlaryň reňkini we 
fakturasyny şekillendirmegine bermeli bolýar. Janly kelläniň gözlerini ynamly 
çekmek üçin, aýnaly massanyň we onuň aşakdaky älemgoşar örtüginiň sferiki 
görnüşiniň göz öňüne tutulmagy bilen, dürli öwrümlerde gözüň garasynyň 
suratynyň çekilişiniň gönükmelerini etmek peýdaly bolýar. 
Adamyň kellesiniň suratynyň hadysasy 5 derejelerden durýar . 
1-nji dereje. Suraty ýerleşdirmegiň gyradaky nokatlarynyň we ähli 
kompozisiýanyň merkezi şöhlesiniň nokadynyň geçirilmegi. Äňiň belligi we 
görüş şöhläniň nokadynyň diňe kelläniň şekillendirilmegi üçin. Kelläniň umumy 
owalynyň, profil çyzygynyň esasynyň we boýnuň ugurynyň geçirilmegi. Profil 
çyzygyň esasyndaky bellik: gözleriň çyzygynyň, gaşüsti ýaýlaryň, burnuň aşaky 
esasynyň we dodaklaryň kesiginiň çyzygy. Gulagyň esasynyň çyzygynyň 
şekillendirmegi. 
2-nji dereje. Kelläniň gurluş nokatlarynyň geçirilmegi: aralyk (burnuň üsti), 
äň, burun, gözler, dodaklar, ýaňak süňkler, gaşüsti ýaýlar, agyzyň aşaky bölegi, 
gulaklar, maňlaý. Boýnuň daýanç nokatlarynyň belligi. Kelläniň we onuň 
bölekleriniň görnüşiniň ýeňil çyzyklar bilen şekillendirmegi. Hususy kölegäniň 
çyzyklarynyň girizilmegi. 
3-nji dereje. 2-nji derejäniň seljermesi we kelläniň we onuň bölekleriniň 
görnüşiniň dogry we güýçli çyzyklar bilen şekillendirmegi. Hususy kölegeleriň 
çäkleriniň anyklanmagy. 
4-nji dereje. Hususy we düşýän kölegeleriň, şeýle hem kelläniň ähli 
bölekleriniň reňkini we fakturasyny ýüze çykarýan, esasy tonal gatnaşyklaryň 
geçirilişi. 
5-nji dereje. Şekillendirmegiň ýagtylyk-reňkli gatnaşyklaryň seljermesi we 
umumylaşdyrylmagy. Kölegelerde we ýagtylykda nýuans geçelgeleriň 
girizilmegi. 


43 
Adam kellesiniň we kelle süňkiniň dürli görnüşleri 


44 
Portretiň garalama we gutarrrykly görnüşi 
Binagär üçin ähli damarlaryň täsirine öwrenmek we seretmek gerek 
bolmaýar, şonuň üçin beýan etmegiň ýönekeýligi üçin diňe esasy damarlaryna 
serederis, olaryň işiniň düşünilmegi, adam bedeniniň esasy hereketleriniň 
mehanikasyna düşünmek üçin ýeterlikli bolýar.Ýokarda bedeniň ýarysyndan 
suraty ýerine ýetirmegiň derejeleriniň yzygiderliligi getirilýär . 
1-nji dereje. Gyradaky nokatlary we görüşiň merkezi şöhlesiniň suraty 
ýerleşdirmek. Yz tarapyň nokatlarynyň we döş kletkasynyň oýlugynyň 
nokatlarynyň bellenilşi, esasy proporsiýalary we giňişlikde torsyň ýagdaýyny 
kesgitleýärler. Göwresiniň orta çyzygynyň umumy öwrüminiň oňurga sütüniň 
öwrülmesine laýyklykda uguryň geçirilmegi. 
2-nji dereje. Tazyň öwrümini we gyşarmasyny göz öňüne tutup çykýan 
süňkleriň nokatlarynyň bellenilşi. Gylyç görnüşli çykyş nokadynyň we döş 
kletkanyň aşaky esasynyň çyzyklarynyň çykyş nokatlarynyň bellenilşi. Garynyň 
we döş klatkanyň profil çyzyklarynyň geçirilişi. Tazyň gyşarmasyny 
kesgitleýän, çyzygyň üstüne bedro süňkleriniň uly öwrümleriniň nokatlaryny, 
egin gyşagyň gyşarmagynyň çyzygynda – egin sustawlaryň nokatlarynyň 
geçirilmegi. Klýuçisalaryň bellenilşi. Ýeňil çyzyklar bilen bedeniň umumy 
görnüşiniň we onuň bölekleriniň bellenilşi. Bedeniň skeletiniň ähli jübüt 
häsiýetli nokatlaryny, orta çyzygyna görä birwagtda geçirmeli bolýar, 
proporsiýalary, torsuň hereketini we onuň böleklerini, şeýle hem alnan görüş 
nokadyndan görünýän, perspektiwa gysgaltmalary bilen geçirmeli. 


45 
3-nji dereje. Torsuň esasy damarlarynyň, olaryň häsiýetli punktlarynyň göz 
öňüne tutulmagy bilen, ýerleşişiniň, birikýän ýerleriniň we ýerine ýetirilýän işiň 
bellenilşi. Edilen bellikleriň seljermesi we bedeniň tutuşlygyna we onuň 
bölekleriniň has güýçli dogry çyzyklar bilen geçirilmegi. 
4-nji dereje. Ýagtylygyň şöhleleriniň ugurlaryny we görnüşleriň kesiklerini 
göz öňüne tutup, hususy we gaçýan kölegeleriň çyzyklarynyň gurulmagy. 
Hususy, gaçýan we ýarymkölegeleriň geçirilmegi. 
5-nji dereje. Adam bedeniň tonal tamamlanan suraty. Kölegeleriň 
seljermesi we deňeşdirilmegi, olaryň güýjüniň umumy ýagtylyga we üstleriň 
kesikleriniň egriligine boýun edilmegi 
.Binagär üçin ähli damarlaryň täsirine öwrenmek we seretmek gerek 
bolmaýar, şonuň üçin beýan etmegiň ýönekeýligi üçin diňe esasy damarlaryna 
serederis, olaryň işiniň düşünilmegi, adam bedeniniň esasy hereketleriniň 
mehanikasyna düşünmek üçin ýeterlikli bolýar.Ýokarda bedeniň ýarysyndan 
suraty ýerine ýetirmegiň derejeleriniň yzygiderliligi getirilýär . 
Adamyň dürli hereketdäki skelet şekili 


46 
Adamyň dürli plastiki hereketdäki şekili 


47 
Anatomiki gips heýkellerinden


48 
Adamyň anatomiki we antik heýkelliniň 3 tapgyrdan ýerine ýetirmek 


49 
Zenanyň şekilini 3 tapgyrda ýerine ýetirmek 
Eller we aýaklar adam bedeniniň iň çylşyrymly görnüşleriniň biri bolup 
durýarlar. 
Adamyň elleri we aýaklary birnäçe meňzeşliklere eýe bolýarlar: öňki 
döwürde bularyň ikisi hem daýanç hökmünde çykyş edýärdiler. Bularyň 
tapawudy wezipeleriň bölünmegi bilen ýüze çykaryldy: aýaklar daýanç we 
hereket üçin galdylar, eller bolsa dürli zähmet işlerini ýerine ýetirmek üçin 
ulanylyp başlandy. 
Öwrenmek we şekillendirmek üçin eller we aýratyn barmaklar elýeter 
bolýarlar – suratyň ussatlygyny ösdürmek üçin iň gowy obýektler bolup çykyş 
edýärler. 

Download 2,17 Mb.
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   13




Download 2,17 Mb.
Pdf ko'rish

Bosh sahifa
Aloqalar

    Bosh sahifa



Adam kellesi. Anatomiki gurluşy. Proporsiýa

Download 2,17 Mb.
Pdf ko'rish