58
çeperçilik kompozisiýanyñ gurluşyk kanunlaryny, stilleriñ aýratynlyklaryny,
konstruktiw-çeperçilik bölekleriñ oýlanma gurlyşyny, bölekleriñ jikme-jik
hemde binagärçiligiñ gurluşyny öz içine alýar. Bina toplumlarynyň suratyny
şekillendirilende çeperçilik we tehniki taýdan baýlaşýar. Binagärlik suraty
öz aýratynlyklary bar, öz belleniş nokadyndan başlanýar, her sungat ussadynyñ
şahsyýet döredijiligi bolýar. Öz häsiýeti boýunça- garalama, eskiz, kagyzyñ hem
kalka, başlangyç gözleýji harytlary hökmünde bolýar.
Binagärlik suraty esaslary- hakyky keşplerden alynýar.
Geometrik
göwrümleriñ erkin çekmeklik, gyşyk hem-de göni çyzyklaryñ aýratyn çyzyklara
bölmäne başarmaly perspektiw kemelmegini göz öñünde tutmaly.
Binagärlik suratyny çekmekde şekillendiriş harytlary esasy meselleriniñ biri
bolup durýar. Binagärlik suratlary dürli tehnika ýagdaýlarynda çekilip, ýöne
esasanam çyzykly şekillendiriş ussulary ulanylýar. Onuñ üçin galam, çotka, pero
ulanylýar. Çeperçilik-konstruktiw logikasyny öwrenmek üçin binagärlik
surat
serişde böleklerini ulanylýar, galam, çotka, pero bilen işlemäne işleýşi
usullaryny baýlaşdyrmaly. Başlangyç etaplarynda desga böleklerini konstruktiw
we çeperçilik taýdan bir wagta işlär ýaly etmeli. Binagärlik böleklerini çekende,
okaýan adam perspektiwa gurluşyny öwrenýär,
geometrik formalary hem-de
sudurlar esaslary bolup durýar, suratyñ tehnika taýdan ozleşdirilip kämilleşýär.
Kyn meselleriniñ biri binagärlik nagyş bölekleri bolup durýar. Binagäriñ esasy
ýeri nagyş eýeleýär. Binagärçilikde dürli nagyşlar ulanylýar, amaly-haşam
şekillerinde, durmuş hojalygynda ulanylýar. Binagärlik böleklerinde nagyşlar
çeperçilik-plastik ussatlygy bilen ulanylýar.
Antik döwrüniň binalarynyň parçalary